Ýurdumyzda milli teatr sungatyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Geljek aýda Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyny geçirmek meýilleşdirilýär we bu halkara çäre häzirden ykjam  taýýarlyk görülýär.

Bu festiwala gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň birnäçe teatr toparlarynyň ýurdumyza gelmegine garaşylýar. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň teatrlarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça iş maslahaty guralar.

Bu barada 23-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.