Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda umumybilim berýän mekdepleri, çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu etrabyň “Bagyr” ýaşaýyş toplumynda 2 sany her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny hem-de saglyk öýüni gurmak boýunça degişli çäreler görülýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän mekdeplerde we çagalar bagynda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli oňaýly şertler dörediler. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, guruljak saglyk öýüni häzirki zaman lukmançylyk serişdeleri we kämil enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Bu barada 22-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.
PDF









