Ba­har pas­lyn­da ýy­gy-ýy­gy­dan so­wuk­la­ma, al­ler­gi­ýa, ötü­şen ke­sel­le­riň goz­ga­ma­gy ýü­ze çy­kyp bi­ler. Ýo­kanç­lyk­lar­dan go­ran­mak üçin şah­sy aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek ze­rur. Ol düz­gün­ler, esa­san, eli­ňi sa­byn bi­len go­wy ýuw­mak­dan, as­gyr­mak­ly­gyň we üs­gür­mek­li­giň me­de­ni­ýe­ti­ni sak­la­mak­dan, ýag­ny as­gy­raň­da we üs­gü­reň­de agyz-bur­nu­ňy eliň aýa­sy bi­len ýap­man, tir­se­giň bi­len ýap­mak­dan, has dog­ru­sy bir ge­zek ula­nyl­ýan des­mal­la­ry ulan­mak­dan ýa-da an­ti­sep­tik se­riş­de­ler bi­len eli­ňi aras­sa­la­mak­dan yba­rat­dyr.
Öý­de we iş­de otag­la­ryň ho­wa­sy­ny çal­şyp, çyg­ly aras­sa­la­ýyş iş­le­ri­ni ge­çi­rip dur­ma­ly. Dü­zü­min­de hlor sak­la­ýan aras­sa­la­ýyş se­riş­de­le­ri ula­nyl­sa, ýo­kanç­la­ryň öňü­ni al­mak­da has-da peý­da­ly. El te­le­fo­ny­ňy ýa-da beý­le­ki zat­la­ry­ňy aras­sa­laý­jy se­riş­de­ler bi­len aras­sa­la­nyň­dan soň ulan­ma­ly.
Ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ke­se­le gar­şy be­de­niň dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin mel­hem çaý­la­ry, gü­neş­li ül­kä­mi­ziň top­ra­gyn­da bit­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­ri ulan­ma­ly (bu­ýa­nyň kö­ki, it­bu­run, ço­pan­tel­pek, üzär­lik, zirk we ş.m.). Bu ösüm­lik­le­riň ula­ny­ly­şy bi­len türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­tap­la­ryn­dan ta­nyş­mak müm­kin.
Hä­zir­ki pa­syl çal­şy­gy döw­rün­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, şeý­le-de agaç­la­ryň gül­läp, te­bi­ga­tyň jan­lan­ma­gy bi­len, kä­bir adam­lar­da al­ler­gi­ýa ýag­da­ýy ýü­ze çyk­ýar. Al­ler­gi­ýa be­de­niň im­mun ul­ga­my­nyň, adat­ça, zy­ýan­syz ha­sap­la­nyl­ýan zat­la­ra bo­lan ýi­ti gar­şy­ly­gy­dyr. Al­ler­gi­ýa ýag­da­ýy haý­wan­la­ryň tüý­le­ri, iý­mit önüm­le­ri, der­man we hi­mi­ki se­riş­de­ler, mör-mö­jek­ler, to­zan hem-de gül­le­riň to­zan­jyk­la­ry se­bäp­li dö­räp, onuň do­wam­ly­ly­gy bir­nä­çe mi­nut­dan, bir­nä­çe gü­ne çe­kip bil­ýär.
Al­ler­gi­ýa­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýän bö­le­jik­ler al­ler­gen­ler diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Kä ýag­daý­lar­da al­ler­gi­ki ah­wa­lat­lar şeý­le bir gow­şak ýü­ze çyk­ýar we­lin, adam as­la al­ler­gi­ýa­dan ejir çek­ýän­di­gin­den bi­ha­bar gal­ýar. Bu­run­dan su­wuk­lyk ak­ma­sy, göz ýa­şar­ma­sy, so­wuk­la­ma we beý­le­ki ýag­daý­lar al­ler­gi­ýa­nyň il­kin­ji ala­mat­la­ry bo­lup bi­ler. Şeý­le-de, be­den­de uly bol­ma­dyk ör­gün eme­le ge­lip ug­ra­ýar. Eger-de özü­ňiz­de ýa-da ýa­kyn­la­ry­ňyz­da şu­ňa meň­zeş ala­mat­lar ýü­ze çy­kan bol­sa, des­si­ne luk­ma­na ýüz tut­mak ge­rek.
Al­ler­gi­ýa­nyň ýe­ňil ýü­ze çyk­ma­syn­da, oňa gar­şy ula­nyl­ýan ýö­ri­te der­man­lar­dan, mel­hem­ler­den, dam­ja­lar­dan hem-de spreý­ler­den peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz, ýö­ne il­ki­baş­da hök­man luk­man bi­len mas­la­hat­laş­ma­ly. Bu ugur­da hü­när­men­le­riň mas­la­ha­ty ze­rur­dyr.
Ba­har pas­ly­nyň ho­wa­sy köp dür­lü­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gü­neş­li, ys­sy, bu­lut­ly, şe­mal­ly, to­zan­ly gün­ler bo­lup bil­ýär. Bu pa­syl­da ho­wa­nyň ada­myň be­de­ni­ne dür­li tä­sir­le­rin­den go­ran­mak üçin hök­man de­giş­li maş­ga­la luk­man­la­ry bi­len mas­la­hat­la­şyp dur­ma­ly.

Gül­ja­han HO­JA­ÝE­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.