Dünýädäki akar suwlarda, köllerdir ummanlarda balygyň 35 müň töweregi görnüşi ýaşaýar. Balyk adam saglygy üçin peýdaly iýmitleriň biridir. Bilermenler balygy ýygy-ýygydan iýmegiň immuniteti güýçlendirýändigini, bedeniň kesellere garşy göreşmäge ukybyny ýokarlandyrýandygyny belleýärler. Esasan hem, balygyň ýagy ýürek, göz we beýni üçin has wajypdyr. Soňky ýyllarda geçirilen barlaglarda balyk ýagynyň nerw ulgamyny köşeşdirýändigi ýüze çykaryldy. Ýagly balykdaky Omega-3 maddasy dartgynly ýagdaýlaryň öňüni alyp, adamyň özüni has rahat duýmagyny üpjün edýär. Balyk ýagyndaky EPA we DHA ýag kislotalary ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Görşi gowulandyryp, beýniniň işjeňligini artdyrýar. Dowamly balyk iýýän adamlarda huşsuzlyk, ýadyň we görşüň peselmegi ýaly alamatlar seýrek ýagdaýda duş gelýär. Balyk ýagy göwrelilik döwründe çagalaryň ösüşi üçin hem möhüm elementleriň biridir.
Hoz, zygyr, kädi we käbir gök önümlere görä balykda saklanýan Omega-3 ýag kislotasy saglyk üçin zyýansyz hasaplanýar. Bilermenleriň bellemegine görä, suwuň düýbünde ýaşaýan balyklarda Omega-3 maddasy has dykyz saklanýar. Esasan hem, sardina, losos, tuna balyklary ýag kislotasyna örän baýdyr.