Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu gün Gazagystan bilen Russiýanyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň forumyna gatnaşmak üçin Omskda bolar we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar. Bu barada gazak lideriniň metbugat gullugy habar berdi.

«Döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 25-nji iýulda iki ýurduň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň XXII forumyna gatnaşmak üçin sapar bilen Omska barar» diýlip, metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Çäräniň çäklerinde iki ýurduň liderleriniň duşuşygy meýilleşdirilýär. Olar ikiçäk duşuşykda rus-gazak gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.