Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň öňdäki 3 toparynyň şu tapgyrdaky ykbaly 90-njy minutdan soň kesgitlendi. Sanawyň lideri “Barselona” öz meýdançasynda “Selta” bilen duşuşyp, garşydaşynyň 3-1 hasabynda öňe geçendigine garamazdan, 90-njy minutdan geçiren goly esasynda ýeňşini baýram etdi. “Barselona” 12-nji minutda Ferran Torresiň goly bilen öňe geçse-de, myhmanlar ezber hüjümçisi Borha Iglesiasyň het-trigi (15, 52, 62) esasynda 3-1 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik katalanlar dessine hasaby deňlemegi başardy. 64-nji minutda Dani Olmo, 68-nji minutda-da Rafinýa tapawutlandy. Oýnuň 90+8-nji minutynda bolsa VAR-yň görkezmesi boýunça ýer eýeleriniň peýdasyna emin penalti urgusyny belledi. Ony-da Rafinýa dürs urup, toparyna 3 utuk getiren oýunçy boldy.

“Barselonadan” 4 utuk yzda barýan “Real Madrid” öz meýdançasynda “Atletik Bilbaony” iň kiçi hasap bilen ýeňip, aratapawudy saklamagyň hötdesinden geldi. Çekeleşikli geçen oýunda “Real Madride” wajyp bolan 3 utugy gazandyran goly 90+3-nji Federiko Walwerde owadan urgy bilen derwezä girizdi. “Real Madrid” çempionatda 20 ýyldan bäri öz meýdançasynda “Atletikden” ýeňilmän gelýär.

Çempionlykdan daşda galan “Atletiko Madrid” myhmançylykda ligada galmak üçin dyrjaşýan “Las Palmasdan” 1-0 hasabynda asgyn gelip, janköýerleriň barja umytlaryny-da puja çykardy. “Atletiko Madridi” çempionlykdan hasam uzaklaşdyran goly 90+3-nji minutda Hawi Munios derwezä girizdi.

Espanýol – Hetafe: 1-0 (Kumbula 39),

R. Wallekano – Walensiýa: 1-1 (Tarrega 45 ö.d. – Sadik 75),

Barselona – Selta: 4-3 (Torres 12, Olmo 64, Rafinýa 68, 90+8 p – Iglesias 15, 52, 62),

Malýorka – Leganes: 0-0,

Las Palmas – Atletiko Madrid: 1-0 (Hawi Munios 90+3),

Walýadolid – Osasuna: 2-3 (Moro 49, Silla 66 p – Budimir 9, 60 p, Ruben Garsiýa 34),

Wilýarreal – R. Sosiedad: 2-2 (Pino 7, Aýose Peres 60 – Oýarzabal 19 p, 49),

Sewilýa – Alawes: 1-1 (Fernandes 12 – Kike Garsiýa 45+2),

Real Madrid – Atletik: 1-0 (Walwerde 90+3),

Žirona – Betis (şu gije)