Formula 1 boýunça möwsümiň 5-nji ýaryşy Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirildi. Agşam wagtlarynda geçirilen 50 aýlawlyk ýaryşda “McLaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri ýeňiş gazandy. Ol ýaryşy 1 sagat 21 minut 6,758 sekuntda tamamlady. Bu onuň bassyr 2-nji, şu möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 5-nji ýeňşidir. Ýaryşda ilkinji hatardan bat alan Maks Werstappen 2-nji ýeri eýeledi. “Red Bull” toparynyň sürüjisi ýeňijiden 2,843 sekunt yza galdy. Münberiň 3-nji basgançagyna-da “Ferrari” toparynyň monakoly piloty Şarl Lekler çykdy. “McLaren” toparynyň beýleki sürüjisi, britaniýaly Lando Norrisiň 4-nji bolan ýaryşynda “Mercedes” toparynyň sürüjileri – britaniýaly Jorj Rassell bilen italiýaly Andrea Kimi Antonelli 5-6-njy orunlary eýelediler. “Ferrari” toparyndan Lýuwis Hamilton ýaryşy 7-nji orunda tamamlady.

Geçirilen 5 ýaryşdan soň utugyny 99-a çykaran Oskar Piastri 1-nji orna beýgeldi. Onuň topardaşy Lando Norris 89 utuk bilen 2-nji, 87 utukly Maks Werstappen 3-nji orunda barýar.

Möwsümiň 6-njy ýaryşy 4-nji maýda ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçiriler.