Rim papasy Fransisk aradan çykdy diýlip, “Holy See”-niň metbugat gullugynyň habarynda mälim edilýär. Ol 21-nji aprelde Watikandaky rezidensiýasynda aradan çykdy. Ol 88 ýaşynyň içindedi.

Horhe Mario Bergolo 1936-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Buenos-Aýresde italiýaly emigrantynyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol ilkibaşda himiýa-tehnology bolup, soňra ylahy ugurdan bilim alýar. Horhe Mario Bergolo 1958-nji ýylda iýezuitleriň toparyna goşulýar. Ol 1969-njy ýylda ruhanylyga bellenilýär.

Ol haçan-da Benedikt XVI meýletin işinden çekilenden soň, 2013-nji ýylyň 13-nji martynda Rim papasy bolýar. Fransisk ilkinji ueuzit-papa we taryhda ilkinji gezek Täze Dünýäden saýlanan papa boldy.