Hepdäniň şenbe güni, has takygy, 26-njy aprelde ýarygijeden soň, ýagny şenbeden ýekşenbä geçilýän gije, Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň finaly oýnalar. Ýurduň Sewilýa şäherindäki “La Cartuja” stadionynda oýnaljak bu finalda “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary duşuşarlar. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanar.

Bu iki toparyň arasyndaky resmi oýunlara seredeniňde, 260-njy “El Klasiko” bolar. Mundan öňki 259 oýunda “Realyň” 105, “Barselonanyň” 102 ýeňşi bolup, 52 duşuşyk deňlikde tamamlandy. Gollarda “Real” 435-428 öňde barýar.

Toparlar Ispaniýanyň Şa Kubogynda 38-nji gezek duşuşarlar we mundan öňki oýunlarda “Barselona” 16, “Real” 13 gezek ýeňiş gazandy. Iki topar şu wagta çenli Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň finalynda 7 gezek özara duşuşdylar. Şolarda “Barselona” 4, “Real” 3 gezek ýeňiş gazanyp, kubogy eýeledi.