Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Pakistanyň gury ýer we deňiz ýataklarynda nebit we gaz gözlemek we çykarmak barada ylalaşyga gol çekilendigini mälim etdi.
Bu karar iki ýurduň resmileriniň gatnaşmagynda Yslamabatda geçirilen gepleşikleriň netijesinde kabul edildi.
Bu ylalaşyk Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki TPAO nebit kompaniýasy bilen Pakistanyň “Mari Energies”, “Fatima”, “OGDCL”, “PPL”, “Prime” we GHPL ýaly energiýa kompaniýalarynyň Pakistanyň bäş sany geljegi uly ýatagynda gözleg geçirmek we özleşdirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryny göz öňünde tutýar, olaryň üçüsi deňiz zolagynda ýerleşýär.
A.Baýraktar Türkiýäniň TPAO nebit kompaniýasynyň geljekde Pakistanyň deňiz ýataklarynyň biriniň operatory hökmünde çykyş etjekdigini belledi.
-Geljek ýylyň başynda Türkiýe Pakistanyň kenarlaryna seýsmiki barlaglary geçirmek maksady bilen gämilerini iberer. Energiýa gorlary barada oňyn habarlaryň bolmagyna umyt edýäris. Biz käbir ýataklarda seýsmiki barlaglary geçirmegi, käbirlerinde bolsa göni buraw işlerini geçirmegi meýilleşdirýäris – diýip, ministr aýtdy.
PDF









