Islandiýanyň hökümeti güýzde Ýewropa Bileleşigine agza bolmak boýunça gepleşikleri täzeden başlamak barada referendum geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.
Hökümetiň geljek hepde parlamente degişli kanun taslamasyny hödürlejekdigi bellenilýär. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ses berişlik sentýabr aýynyň ahyrynda bolar.
Islandiýa 2009-njy ýylda Ýewropa Bileleşigine girmek üçin arza beripdi, 2013-nji ýylda bolsa gepleşikler doňduryldy. 2015-nji ýylda arza iş ýüzünde yzyna alyndy we dalaşgärlik derejesi aýryldy.
“Politico” gazetiniň ýazmagyna görä, Islandiýanyň häkimiýetleri sebitdäki geosyýasy dartgynlylygyň artmagy sebäpli ÝB-ne goşulyşmak işini meýilleşdirilenden has ir başlamagyň mümkinçiligine garaýarlar.
Mundan ozal Islandiýanyň Daşary işler ministrligi gysga wagtda ÝB-ne agza bolmak isleýändiklerini mälim edipdi.