DOHA, QATAR - FEBRUARY 11: The FC Bayern Muenchen team celebrate with the trophy after winning the FIFA Club World Cup Qatar 2020 Final between FC Bayern Muenchen and Tigres UANL at the Education City Stadium on February 11, 2021 in Doha, Qatar. (Photo by Fadi El Assaad - FIFA/FIFA via Getty Images)

Germaniýanyň “Bawariýa” topary 2020-nji ýyldan galan soňky kubogy-da eýelemegi başardy. Münhenliler UEFA Çempionlar ligasy hem-de Super Kubogyndan soň, geçen ýyldan galyp, şu ýyla süýşürilen FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogynda-da ýeňiş gazandy. Katarda oýnalan ýaryşyň finalynda Meksikanyň “UANL Tigres” toparyny Benžamin Pawaryň 59-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, “Bawariýa” 2013-nji ýyldan soň ikinji ýola FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogynyň çempionlygyny gazandy. Galyberse-de, “Bawariýa” 2020-nji ýyla degişli ýerli 3 kubokdan soň halkara ýaryşlardaky 3 kubogy-da asmana göterdi.

Ýaryşyň iň ökde oýunçysy diýlip, “Bawariýanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski saýlandy. Bu ugurda 2-nji ýeri “UANL Tigresiň” fransuz hüjümçisi Andre-Pier Žinýak 2-nji, “Bawariýadan” Joşua Kimmih 3-nji ýeri eýeledi.