Ýewropanyň TOP 5 çempionatynyň dördünjisi hasaplanýan Germaniýanyň “Bundesligasynda” täze 63-nji möwsüme şu gije çempion “Bawariýanyň” öz meýdançasynda “Leipsigi” kabul etjek duşuşygy bilen badalga berler. 18 klubuň çykyş edýän çempionatynda çempionlygyň iň esasy dalaşgäri hemişekiler ýaly, ýene-de “Bawariýa” bolar. “Borussiýa Dortmund”, “Baýer”, “Leipsig”, “Aýntraht” ýaly klublar hem beýleki dalaşgärler bolup, olaryň gazanjak çempionlyklary garaşylmadyk netije hökmünde hasaba alnar.

“Bundesliga” transfer möwsüminde iň köp girdeji gazanan çempionatlaryň biri bolup, käbir ýyldyz oýunçylar esasanam Angliýanyň çempionatyny saýladylar.

18 klubuň 10-syna ýerli, galan 8 topara daşary ýurtly hünärmenler tälim berýär. Toparlaryň 6-syny geçen ýyldaky tälimçileri däl-de, täze tälimçiler türgenleşdirerler.

“Holştaýn Kiel” bilen “Bohum” toparlary geçen möwsümi iň aşaky 2 orunda tamamlap, “Bundesliga 2”-ä düşdüler. Olaryň ornuna “Hamburg” 7 ýyldan soň hem-de “Köln” 1 ýyllyk arakesmeden soň dolanan toparlar boldy.

Çempionatyň ýeke-täk şäher derbisi “Hamburg” bilen “Sankt-Pauli” klublarynyň arasyndaky oýun bolar.

BAWARIÝA. Soňky 14 ýylda 13 gezek çempionlyk gazanan “Bawariýa” topary täze möwsümde-de altyn medalyň birinji derejeli dalaşgäridir. Wensan Kompaniniň tälimçiligindäki klubdan 18 ýyl oýnan Tomas Müller, şol sanda Kingsli Koman, Leroý Sane, Erik Daýer ýaly futbolçylar transfer boldy. Jonata Tany, Luiz Diazy transfer eden “Bawariýa” Keýn, häzirki wagtda şikesli bolsa-da Musiala, Olise, Kimmih, Goretska, Gnabri ýaly ýyldyzlaryna uly ynam bildirýär.

BORUSSIÝA DORTMUND. Horwatiýaly Niko Kowaçyň tälimçiligindäki klub çempionlygyň 2-nji dalaşgäri hasaplanýar. Joub Bellingamy alan dortmundlylar başga bir iňlis futbolçysy Jeými Gittensi topardan ugratdy.

BAÝER. Topardaky iň esasy üýtgeşiklik kluba taryhy çempionlyk gazandyran Habi Alonsonyň, şeýle-de ýyldyz oýunçy Florian Wirtsiň gitmegi boldy. Erik ten Hagy tälimçilige bellän “Baýerden” Jonatan Ta, Frimpong, Džaka ýaly 2 ýyl öňki çempionlyga uly goşant goşanlar topardan gitdi. Topar olaryň öwezini Kuansah, Tillman ýaly oýunçylar bilen dolmaga synanyşar.

LEIPSIG. Ýokary liga çykaly bäri ilkinji gezek Ýewrokuboklaryň daşynda galan “Leipsig” topary Ole Werneriň tälimçiliginde täze möwsüme başlar. Şeşko, Poulsen, Andre Silwa ýaly oýunçylary ugradan topar Banzuzi, Bakaýoko, Kardoso, Diomande ýaly futbolçylary transfer etdi.

I TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARY

22-nji awgust (anna)

Bawariýa – Leipsig (23:30)

23-nji awgust (şenbe)

Haýdenhaým – Wolfsburg (18:30)

Fraýburg – Augsburg (18:30)

Union Berlin – Ştutgart (18:30)

Baýer – Hoffenhaým (18:30)

Aýntraht – Werder (18:30)

Sankt-Pauli – Borussiýa D (21:30)

24-nji awgust (ýekşenbe)

Maýns – Köln (18:30)

Borussiýa M – Hamburg (20:30)
KLUBLAR ŞÄHERI STADIONY-TOMAŞAÇY TÄLIMÇI
Augsburg Augsburg WWK Arena – 30 660 Sandro Wagner
Union Berlin Berlin Stadion An der Alten Försterei – 22 012 Şteffen Baumgart
Werder Bremen Weserstadion – 42 100 Hörst Şteffen
Borussiýa Dortmund Signal Iduna Park – 81 365 Niko Kowaç (Horwatiýa)
Aýntraht Frankfurt Deutsche Bank Park – 58 000 Dino Topmöller
Fraýburg Fraýburg Europa-Park Stadion – 34 700 Ýulian Şuster
Hamburg Hamburg Volksparkstadion – 57 000 Merlin Polzin
Haýdenhaým Haýdenhaým Voith-Arena – 15 000 Frank Şmidt
Hoffenhaým Sinshaým PreZero Arena – 30 150 Kristian Ilzer (Awstriýa)
Köln Köln RheinEnergieStadion – 49 698 Lukaş Kwasniok (Polşa)
Leipsig Leipsig Red Bull Arena – 47 800 Ole Werner
Baýer Lewerkuzen BayArena – 30 210 Erik ten Hag (Niderlandlar)
Maýns 05 Maýns Mewa Arena – 33 305 Bo Henriksen (Daniýa)
Borussiýa Mönhengladbah Borussia-Park – 54 042 Gerardo Seoane (Şweýsariýa)
Bawariýa Münhen Allianz Arena – 75 000 Wensan Kompani (Belgiýa)
Sankt-Pauli Hamburg Millerntor-Stadion – 29 546 Aleksander Blessin
Ştutgart Ştutgart MHPArena – 60 058 Sebastian Houness
Wolfsburg Wolfsburg Volkswagen Arena – 28 917 Pol Simonis (Niderlandlar)