Stiw Job­suň esas­lan­dy­ran we hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­zar ba­ha­sy 2 tril­li­on dol­la­ra deň bol­dy. Ba­zar ba­ha­sy­nyň 1 tril­li­on dol­la­ra deň bol­ma­gy üçin kom­pa­ni­ýa 38 ýyl ge­rek bol­dy. Bu gör­ke­zi­jä 2018-nji ýy­lyň aw­gus­tyn­da ýe­til­di. Soň­ky 1 tril­li­on üçin bol­sa 2 ýyl ýe­ter­lik bol­dy.
Kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry 1,2 gö­te­rim gym­mat­lap, 467,84 dol­la­ra deň bol­dy. Bu hem kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar ba­ha­sy­nyň 2 tril­li­on dol­lar­dan geç­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­di. Mun­dan ozal, ba­zar ba­ha­sy iň gym­mat kom­pa­ni­ýa bolan Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Sau­di Aramco» ne­bit kor­po­ra­si­ýa­sy ha­sap­lan­ýar­dy. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň baz­ar ba­ha­sy 1,9 tril­li­on dol­la­ra deň­dir.
Ba­zar bahasy aşak­da­ky ýa­ly ha­sap­lan­ýar: paý­na­ma­nyň ba­ha­sy do­la­ny­şyk­da­ky gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň umu­my sa­ny­na kö­pel­dil­ýär. Iň soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, «App­le» kompa­ni­ýa­sy­nyň gym­mat­ly ka­gyz­la­ry­nyň möç­be­ri tak­my­nan 4,28 mil­liard bö­le­ge deň­dir. Hut şu muk­dar esa­syn­da ba­ha­sy 467 dol­lar­dan ýo­ka­ry bo­lan paý­na­ma­la­ryň esa­syn­da kom­pa­ni­ýa­nyň ba­ha­sy 2 tril­li­on dol­la­ra ýet­di. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy onuň «iP­ho­ne» smart­fon­la­ry­nyň we beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi­niň hem-de sa­­tuwy­nyň gi­ňel­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şeý­le hem soň­ky dö­wür­de san­ly hyz­mat­la­ry­nyň hem ge­ri­mi gi­ňeldilen kom­pa­ni­ýa­nyň «App­le Mu­sic», «App­le Pay», «App­le News+», «App­le TV+» hem-de «App­le Card» ýa­ly san­ly hyz­mat­la­ry bar.