Adatça, janly-jandarlaryň ählisiniň diýen ýaly bedeniniň temperaturasy 36-37 derejede saklanýar. Bedeni iň pes gyzgynlykdaky süýdemdiriji jandar Arktika ýer syçany (-2,9 dereje) hasaplanýar. Göräýmäge, iň ýokary gyzgynlyk äpet jandarlara – pile, žirafa ýa-da gök kite degişli bolaýjak ýaly. Emma bu pikir edişimiz ýaly däl. Dünýäde bedeni iň ýokary gyzgynlykdaky jandar kolibridir. Ary ýaly ululykdaky guşuň bedeniniň gyzgynlygynyň 40-43 derejede saklanmagy täsin ýagdaýlaryň biri hasaplanýar. Kolibriniň ýumşak we gür ýelek örtügi ganat myşsalarynyň hereketi netijesinde döreýän ýylylygy daşary çykarmaýar. Bu bolsa bedeniň ýokary temperaturasyna sebäp bolýar. Kindiwanja guş her minutda 7 müň gezek ganat kakýar. Bu bolsa kiçijik guşlaryň bedeniniň gyzmagyna sebäp bolýar.
Kolibri barada
Kolibriler, esasan, Karib deňziniň töwereginde ýaşaýarlar. Kiçijik guşuň birnäçe görnüşi bolup, iň kiçisine balary kolibrisi (Mellisuga helenae) diýilýär. Balary kolibrisiniň göwresiniň uzynlygy 5 – 6 santimetre, agramy 1,9 – 2,5 grama ýetýär. Kolibriler örän kiçidigine garamazdan, aşa çalt ganat kakýarlar we batly uçýarlar. Bu guşuň esasy aýratynlygy howada saklanyp durup, uçup bilmegidir. Hatda kolibriler howada wagty gülüň şiresini sorup iýmitlenýärler. Şeýle-de bu guşlar yzlygyna we gapdallygyna hem uçup bilýärler. Kolibrileriň ýelegi örän ýalpyldawuk bolup, reňki we owadanlygy bilen görenleri haýran galdyrýar.
Kiçijik guşlaryň iň uly görnüşi äpet kolibri (Patagona gigas) bolup, uzynlygy
23 santimetre, agramy 20 grama ýetýär. Başgaça ispan kolibrisi diýilýän bu guşjagaz And daglarynda ýaşaýar. Kolibriniň diňe Ýamaýkada we Gaitide duş gelýän «Mellisuga minima» atly görnüşi balary kolibrisinden soň iň kiçi ikinji guş hasaplanýar. Kolibriler ortaça 3 – 5 ýyla çenli ýaşaýar. Ýabany tebigatda hasaba alnan iň garry kolibri 12 ýyl ýaşapdyr. Kolibrileriň esasy iýmiti gülleriň süýji nektary bolup, käte ownuk mör-möjekleri hem iýýärler.
Kolibri örän kiçidigine garamazdan, her minutda 7 müň gezek ganat kakýar we batly uçýar. Bu guşuň esasy aýratynlygy howada saklanyp durup, uçup bilmegidir. Hatda kolibriler howada wagty gülüň şiresini sorup iýmitlenýärler. Şeýle-de bu guşlar yzlygyna we gapdallygyna hem uçup bilýärler. Kolibrileriň ýelegi örän ýalpyldawuk bolup, reňki we owadanlygy bilen görenleri haýran galdyrýar.
PDF









