Por­tu­ga­li­ýa­nyň gü­nor­ta ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän Be­na­gil de­ňiz go­wa­gy dün­ýä­niň tä­sin ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ýo­kar­syn­dan Gün şöh­le­si düş­ýän göz şe­kil­li go­wak güm­mez ýa­ly dik ga­ýa­la­ry, çä­ge­li owa­dan ke­na­ry we pöw­ri­ze reňk­li ke­nar­ýa­ka su­wy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bu ýe­re ga­ýyk­ly ba­ryp bol­ýar. Be­na­gil oba­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky bu tä­sin­lik XX asyr­da sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Por­tu­ga­li­ýa­nyň iň meş­hur we iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan de­ňiz go­wa­gy ýyl­la­ryň do­wa­myn­da de­ňiz su­wu­nyň hek daş­la­ry­na tä­sir et­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Hä­zi­r­ki wagt­da hem de­ňiz su­wy te­bi­gy peý­za­žy üýt­ged­ýär. Öň ba­lyk­çy­la­ryň ke­na­ry bo­lan bu ýer port hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr. Ýer­li halk de­ňiz ke­na­ryn­da ba­lyk söw­da­sy­ny edip­dir­.
Be­na­gil de­ňiz go­wa­gy­ny ýo­kar­syn­dan we aşak­da de­ňiz ke­na­ryn­dan syn­lap bol­ýar. Iki sa­ny «gi­riş ga­py­sy» bo­lan bu go­wa­gyň ýo­kar­syn­da ul­la­kan de­şik bar. Go­wa­gyň de­pe­sin­de 11 ki­lo­metr uzyn­lyk­da­ky «7 as­ma jül­ge» at­ly meş­hur py­ýa­da ýo­ly bar. Sy­ýa­hat­çy­lar bu ýol­da ge­ze­lenç edip, de­ňiz ke­na­ry­ny we go­wa­gyň gö­zel­li­gi­ni ýa­kyn­dan syn­lap bil­ýär­ler. Ýaz we güýz aý­la­ry de­ňiz go­wa­gy­na ge­ze­lenç et­mek üçin iň go­wy möw­süm­dir. Bu ýer­de de­ňiz ke­na­ryn­da dynç al­mak bi­len bir ha­tar­da, Gü­ne garalmak, ýüz­mek, ga­ýyk­ly ge­ze­lenç et­mek ýa­ly güý­men­je­ler hö­dür­len­ýär. Go­wa­gyň abat sak­lan­ma­gy we gel­jek ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi göz öňün­de tu­tu­lyp, ge­ze­lenç et­mek üçin 20 mi­nut wagt be­ril­ýär. Go­wak­da iýip-iç­mek, gy­gyr­mak ýa-da ga­ýa dyr­maş­mak ga­da­gan edil­ýär. Go­wa­gy uzak wagt syn­la­mak is­le­ýän sy­ýa­hat­çy­lar «Pra­ýa da Ma­ri­na» de­ňiz ke­na­ryn­da ga­lyp bil­ýär­ler. Be­na­gil de­ňiz go­wa­gy­na bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar de­ňiz jan­dar­la­ry­ny we del­fin­le­riň «tan­sy­ny» ýa­kyn­dan syn­lap bil­ýär­ler.