Lukmanlar ýörite berhizlere eýermän has çalt horlanmaga mümkinçilik berýän käbir usullary belläp geçdiler. Bu barada «The Sun» neşiri habar berýär.
Beýik Britaniýanyň Milli saglyk gullugynyň hünärmenleri sagdyn endiklere eýerip, horlanmak we sagdyn durmuşda ýaşamak üçin käbir tekliplerdir maslahatlaryny öňe sürýärler. Bu teklipler şeýle:
Gysga wagtlyk fiziki işjeňlik bilen günüňizi ýeňilleşdiriň! Telewizora tomaşa edip otyrkaňyz, mahabat arakesmelerinde ýeňiljek sport maşklaryny ýerine ýetiriň!
Gijelerine rahat uklamak üçin günüň ikinji ýarymyndan soňra kofe içmäň!
Miwe suwuna ýa-da şekerli içgilere derek suw, çaý we süýt içiň!
Her gün irden on minutlyk pyýada ýörişini amala aşyryň!
Süýji iýmitleri halaýan bolsaňyz, onda ak şokoladyň ýerine 70 göterimlik gara şokolady iýiň!
Her hepde täze gök önümleri iýiň!
Dostuňyzdan hepdede iki gezek gezelenç etmek üçin haýyş ediň!
Oňyn duýgulary almagyň täzeçe usullaryny tapyň (iýmitden başga). Dostlaryňyz bilen köpräk gepleşiň!
Söýünmyrat REJEPGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň eýesi.