Germaniýanyň paýtagty Berlinde, şeýle hem ýurduň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa federaly, şeýle hem taryhy sebitlerinde (Bonn, Erfştadt, Köln) tropiki zolaga degişli bolan Aziýa gaplaň çybynynyň işjeň köpelýändigi we ýaýraýandygy hasaba alyndy. Lukmançylyk hünärmenleri bu mör-möjegiň denga we çikunguna ýaly howply tropiki wirus kesellerini göteriji we ýaýradyjy bolup biljekdigi barada duýdurýarlar. Häzirki wagtda Germaniýada bu çybynlar arkaly ýokanç keselleriň adama geçen ilkinji ýagdaýlary anyklanmadyk hem bolsa, bilermenler durnukly howa şertleriniň emele gelmegi netijesinde wirusyň ýokuşma ähtimallygynyň ýokarlanýandygyny belleýärler.
Tropiki mör-möjekleriň Germaniýada we tutuş Ýewropada şeýle işjeň ýaýramagyna soňky ýyllarda gyş paslynyň ýumşamagy, howanyň gyzmagy hem-de ýygy-ýygydan ýagýan ýagyşlar netijesinde dörän ýyly we çygly ekologik gurşaw sebäp bolýar. Mundan başga-da, halkara ýolagçy we ýük daşamalarynyň yzygiderli artmagy hem bu görnüşiň täze sebitlere aralaşmagyna itergi berýär. Adaty çybynlardan tapawutlylykda, gündizlerine hem işjeň hereket edýän we bedenindäki ak-gara zolaklary arkaly tapawutlanýan bu mör-möjegiň çakmagy örän agyryly bolup durýar.
Aziýa gaplaň çybynynyň ýaýradýan denga we çikunguna wiruslary adam bedeninde ýokary gyzgynyň galmagyna, kelle we myşsa agyrylaryna, deride örgünleriň emele gelmegine hem-de bogunlarda uzak möhletleýin agyrylaryň döremegine sebäp bolýar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu wiruslara garşy ýöriteleşdirilen derman serişdeleri ýokdur, şol sebäpli bejergi işleri diňe anyklanan alamatlary ýeňilleşdirmek we bedeni suwuklyk bilen üpjün etmek arkaly alnyp barylýar. Ýokanç keselleriň öňüni almak we bu mör-möjeklere garşy netijeli göreşmek maksady bilen, hünärmenler hojalyklarda durnukly suw jemlenmeleriniň emele gelmegini bökdemegi maslahat berýärler.
PDF









