«Bilimli il ozar» diýen ata-babalarymyz müň kerem mamla. Ylym-bilim ösüşleriň gözbaşydyr, gymmaty egsilmeýän hazynadyr. Adamzat durmuşynyň öňe ilerlemegi, ýaşaýşyň eşretlerinden doly peýdalanmagy üçin ylymdyr bilimiň öňe gitmegi zerurdyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ylym-bilime döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlaryň kämil, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Bagtyýar zamanamyzda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenip, hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ýaşlaryň ylym-bilimden kemally bolmagyny üpjün etmek, umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara ilkinji zähmet endiklerini öwretmek babatynda uly işler amala aşyrylýar. Mähriban Diýarymyzda gurulýan täze bilim edaralary, mekdepdir çagalar baglary döwrebap okuw gollanmalar, esbaplar bilen üpjünleşdirilýär. Ýaşlara bilim bermekde okatmagyň täze usullary, halkara tejribesi ornaşdyrylýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bilen, ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdy, hili ýokarlandy.
Bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýaşlarymyz elektron tilsimatlaryndan peýdalanyp, täze tehnologiýalary amal etmegi üstünlikli özleşdirýärler. Sanly bilim ulgamy arkaly ýaşlar bilimler dünýäsine has içgin aralaşyp, teleköpri ýa-da onlaýn arkaly guralýan okuw sapaklara, daşary ýurt bilim edaralarynyň yglan eden internet bäsleşiklerine gatnaşýarlar we üstünlikli orunlara mynasyp bolýarlar. Bu olara ussatlyklaryny artdyrmaga, zehinini açyp görkezmäge, öwrenenlerini tejribede ulanyp, deň-duşlary bilen bäsleşmäge şert döredýär. Şeýle-de sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ýaşlara internetiň maglumat gorundan, elektron kitaphanasyndan, elektron poçtadan peýdalanmak elýeterli bolýar.
Ýaşlara bilim bermek bilen birlikde, olary kämil şahsyýet, watansöýüji, dogruçyl, ýaşuly nesli sylaýan, kiçä hormat goýýan adamlar bolup ýetişmegini gazanmak hem mugallymdyr bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýulýan möhüm wezipelerdir. Alty ýaşap, mekdebiň gapysyndan gadam basan ilkinji gününden başlap çagalara bilim berip, olary durmuşa ugrukdyrmak, öz güýjüne ynanmak, bilimler dünýäsinde üstünlikli okamak, milli ýörelgelerimizi, asylly däp-dessurlarymyzy öwretmek mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Bu işde hünärmenlere, mugallymdyr terbiýeçilere hem hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak örän ähmiýetlidir. Olar ylymyň soňky gazananlaryndan habarly bolup, bilim edarasynda ornaşdyrylan sanly tehnologiýalarda ökdelik bilen işlemegi başarmalydyrlar we bu tejribäni çagalara öwredip, olaryň höwesli okamagyny gazanmalydyr, belli bir ugra zehinini açmalydyr. Çünki mekdepde berilýän bilim, terbiýe ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşjak, zähmete höwesli çemeleşjek ukyp-başarnykly ýaş nesliň kemala gelmeginiň binýadydyr.
Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän, biz – mugallymlara döredijilikli işlemek üçin ähli amatlyklary döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasaty rowaçlyklara beslensin!
Mährijemal IŞANOWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
PDF







