Bişkekde BOMKA 11 maksatnamasynyň Sebitleýin utgaşdyryjy toparynyň birinji mejlisi geçirildi

12

20-nji maýda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça BOMKA 11 maksatnamasynyň sebit utgaşdyryjy toparynyň birinji mejlisi geçirildi.

Maslahata bu ugurdaky halkara hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Ýewropa Bileleşiginiň ýardamy bilen guralan şu duşuşyk şu günki üstünlikleri seljermäge hem-de sebitde serhetleriň howpsuzlygyny berkitmäge degişli meýilnamalary özara maslahatlaşmaga bagyşlandy. Bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygynyň we ýokary ykdysady ösüşiniň esasy faktory hökmünde serhetleri netijeli dolandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hünärmenleri jemledi.
Çäräniň çäklerinde, serhet wekilleriniň edaralarynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we kämil maglumat tehnologiýalaryny hem-de täze çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar umumy serhetaşa we üstaşyr howplara garşy bilelikde hereket etmek we işewürlik gurşawyny ýokarlandyrmak boýunça ädimleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň aýratyn bölümi serhetýaka guramalarynyň ösüşine we goňşy döwletleriň arasynda ynamy berkitmäge bagyşlandy. Maslahatyň netijeleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen, täzelenen iş meýilnamasyna seredildi.
Gullugymyzyň wekilleriniň migrasiýa meseleleri babatynda geçirilýän köp sanly halkara maslahatlara, duşuşyklara, forumlara we halkara çärelere işjeň gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Çeşme:migration.gov.tm