Hindistanly milliarder Gautam Adani Aziýanyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi, ol dünýä milliarderleriň sanawynda 19-njy orny eýeledi. Bu barada “Bloomberg” neşiriniň milliarderler barada täze görkezijisinden belli boldy.
Adaniniň sap emlägi 92,6 milliard dollara deň bolup, ol beýleki hindi milliarderi Mukeş Ambaniden öňe saýlanmagy başardy. Ambani şu ýylyň başyndan bäri öz emläginiň 16,9 milliard dollaryny ýitirip, 90,8 milliard dollar bilen bu sanawa girdi.
Gautam Adaniniň emlägi bolsa, ýylyň başyndan bäri 8,1 milliard dollar köpeldi, muňa gazna bazarlarynda “Adani Group” gymmatbaha kagyzlarynyň nyrhynyň ýokarlanmagy sebäp boldy.
Aziýanyň iň baý adamlarynyň biri bolan Gautam Adani Hindistanda deňiz portlarynyň iň uly operatory bolan “Adani Group” kompaniýalar toparynyň eýesidir. Onuň kompaniýasy şeýle hem energetika we magdan senagatynda iş alyp barýar. Adani işewürlige dokma önümleriniň ownuk täjirçiliginden başlapdy.