Geçiriljek çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugurdan ybarat bolup, olar halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini, ikinjisi – ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany), üçünjisi – ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, Parlament forumyny, Hususy pudagyň forumyny, Raýat jemgyýetiniň forumyny, Ýaşlar forumyny, Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, Arabaglanyşyk boýunça çäräni öz içine alýar. Dördünjisi – maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçirilýän, şeýle hem türkmen tarapynyň guraýan ugurdaş çäreleriniň 60-a golaýyny düzýär. Şonda biziň ýurdumyz tarapyndan guraljak çäreler şulardan ybarat: Ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Ýaşlar syýasaty, Durnukly energetika, Sirkulýar ykdysadyýet.
Bäşinji ugur – maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapyndan guraljak sergileri, altynjy ugur – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini hem-de ahyrky ýedinji ugur bolsa, Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahardan ybarat bolar. Bu aýdylanlar wekilçilikli forumyň gün tertibiniň köpdürlüdigini, olar boýunça geljekde amala aşyryljak işleriň bütin dünýäniň halklarynyň rowaç ýaşaýşyny üpjün etmäge uly itergi berjekdigini aýdyň görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi. Resminama laýyklykda, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň on ýyllyk maksatnamasy (2024 – 2034-nji ýyllar) «Awaza» maksatnamasy» diýlip atlandyrylar. Bu maslahaty döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesinde «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzuk boýunça geçirmek karar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň biziň ýurdumyzda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi halkymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm waka bolar. Bu foruma hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu forum dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletler üçin has-da wajyp. Şeýle meseleler bilen baglanyşykly halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin 2001-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ýöriteleşdirilen edara (UN-OHRLLS) döredildi we oňa BMG-niň Ýokary wekili ýolbaşçylyk edýär. Bu halkara düzüm az derejede ösen ýurtlary, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary hem-de kiçi ada döwletlerini goldamak boýunça işleri alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, dünýäde 44 döwlet az derejede ösen, 32 döwlet deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan, 39 döwlet bolsa kiçi ada döwletleri hasap edilýär. Gürrüňi edilýän düzümiň çäklerinde 2023-nji ýylyň mart aýynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň az derejede ösen ýurtlar boýunça bäşinji halkara maslahaty (LDC5) geçirildi. 2024-nji ýylyň maý aýynda bolsa Antigua we Barbuda döwletinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüp barýan kiçi ada döwletleriniň dördünji halkara maslahaty (SIDS4) geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty ýokary derejede geçiriler. Ýeri gelende, 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografik ýerleşişiniň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsir edýändigini bellemek zerur.
Mähriban ORAZBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.
PDF









