BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen Kararnama biragyzdan kabul edildi

21

22-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnama barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyz birnäçe ýyllaryň dowamynda halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp gelýär we olar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan yzygiderli goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiz bu ýoly ýokary derejede dowam etdirmek bilen, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüş işini ösdürmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ilerletmek bilen bagly meseleler boýunça başlangyçlary öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasy bu ugurlar boýunça birnäçe Kararnamany kabul etdi.
Şu ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu halkara ähmiýetli waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ugrunda edýän tagallalarynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.
“Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz geljekde hem BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar — möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.