BMG-niň ekologiýa maslahaty tamamlandy

3

18-nji iýunda Germaniýanyň Bonn şäherinde BMG-niň Klimatyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň nobatdaky maslahaty (SB64) öz işini tamamlady. Bu halkara duşuşyk şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynda geçirilmeli COP31 maslahatynyň öňüsyrasynda amala aşyrylyp, döwletleriň ekologiýa syýasaty, geljekki maksatnamalary we maliýe meseleleri boýunça ylalaşyk gazanmaklary üçin esasy platforma boldy. BMG-niň Klimatyň üýtgemegi boýunça Ýerine ýetiriji kätibi Saýmon Still gepleşikleriň jemlerini jemläp, taraplaryň arasynda käbir meseleler boýunça garaýyşlaryň tapawutlydygyna garamazdan, esasy ugurlarda çözgüt tapmaga bolan gyzyklanmanyň uludygyny mälim etdi.
Maslahatyň dowamynda energetika üpjünçiligini kämilleşdirmek we ekologiýa taýdan durnuklylygy gazanmak maksady bilen täze başlangyçlar öňe sürüldi. Hususan-da, Türkiýe tarapy dünýä derejesinde elektrikleşdirme ulgamyny kämilleşdirmegi hem-de 2035-nji ýyla çenli bu görkezijini häzirki 20 göterimden 35 göterime ýetirmegi teklip etdi. Şonuň bilen birlikde, halkara bilermenler tarapyndan bu maksadyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine we energiýa netijeliligine esaslanmalydygy bellenildi. Şeýle-de, häzirki wagtda dünýäde emele gelen energetika krizisiniň şertlerinde ekologiýa töwekgelçilikleri bilen bir hatarda, ykdysady we milli howpsuzlyk meseleleriniň hem ähmiýetiniň artandygy aýratyn nygtaldy.
Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde gazanylan möhüm netijeleriň biri-de «Adalatly geçiş» mehanizmini goldamak boldy. Bu ugurda taraplar işgärleri täze hünärlere taýýarlamak, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we ekologik taslamalary göni maliýeleşdirmek maksady bilen «Belém Antalya» (BAM) çarçuwaly guralyny amaly taýdan işe girizmek boýunça uly öňe gidişlik gazandylar. Bu gural maliýe serişdeleriniň zerur ýerlere adalatly paýlanmagyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Emma muňa garamazdan, käbir ösen döwletleriň öz üstüne alan maliýe borçnamalaryny kemeltmek meýilleri sebäpli, durnuklylyga uýgunlaşmak ugrundaky maliýe gepleşikleri Bonn şäherinde bökdençlige uçrady. Ýerine ýetiriji kätibiň bellemegine görä, ähli taraplar ozal ylalaşylan borçnamalara ygrarly bolmalydyr we halkara hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirmelidir.