Emeli aň we zähmet bazary

5

Häzirki wagtda emeli aňyň çalt depginler bilen ösmegi we durmuşa ornaşdyrylmagy Ýewropanyň ýokary okuw mekdeplerini öz iş usullaryna täzeden seretmäge mejbur edýär. Bu tehnologik öwrülişik diňe bir bilim ulgamyna täsir etmän, eýsem, ozal durnukly hasaplanan hünärleri we iş orunlaryny hem düýpli özgerdýär. Muňa garamazdan, halkara bilermenleriň pikirine görä, uniwersitetleriň berýän düýpli bilimi we adamyň şahsy ukyplary geljekde hem esasy orny eýelemegini dowam eder.
Hünärmenleriň bellemegine görä, emeli aň ýokary okuw mekdepleriniň kabul ediş ulgamy ýaly köp ýyllardan bäri özgertmelere garaşýan fundamental meseleleriniň çözülmegine güýçli itergi berdi. Uniwersitet şäherjikleriniň (kampuslaryň) gymmaty bolsa aralykdan okatmagyň şertlerinde diňe bir binalar toplumy hökmünde däl, eýsem, talyplaryň özara gatnaşyklaryny, döredijilikli hyzmatdaşlygyny we ylmy diskussiýalaryny kemala getirýän esasy gurşaw hökmünde has-da ýokarlanýar. Şol bir wagtda, AI guraly tarapyndan berilýän maglumatlary dogry seljermek we olardan netijeli peýdalanmak üçin talyplaryň binýatlyk biliminiň bolmagynyň şertdigi, tersine ýagdaýda munuň zähmet öndürijiliginiň peselmegine getirip biljekdigi duýdurylýar.
Zähmet bazaryndaky transformatik üýtgeşmeler tehniki hünärlere bolan islegiň barha artmagyna hem getirdi. Häzirki döwürde Ýewropada senagat, gämi gurluşygy, logistika we gurluşyk ýaly esasy pudaklarda tehniki hünärmenleriň ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Mysal üçin, adaty ammar işgäriniň zähmeti hem döwrebap programmalary ulanmak we emeli aň ulgamlaryny dolandyrmak ukyplaryny talap edýän täze derejä göterildi. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde hünär bilimi bolan santehnikler, elektrikler we beýleki tehniki işgärler ýokary girdejili hem-de uly geljegi bolan hünär eýelerine öwrüldiler.
Bu ugurdaky möhüm meseleler Afiny şäherinde Ýewgenidis gaznasy tarapyndan guralan «Future Skills Sphere – International Conference 2026» atly geljegiň ukyplaryna, hünär taýýarlygyna we yzygiderli bilime bagyşlanan ilkinji halkara maslahatynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen forumyň netijeleri zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda, adamyň şahsy ukyplaryny we tehniki başarnyklaryny ösdürmegiň döwrüň esasy talabydygyny görkezdi.