“BRICS sammiti şu ýyl Rio-de-Žaneýroda geçiriler” diýip, bileleşigiň metbugat gullugy habar berdi. “2025-nji ýylda BRICS sammitiniň geçiriljek senesi we ýeri tassyklandy. Ol 6-7-nji iýulda Rio-de-Žaneýroda geçiriler.” –diýlip, jemgyýetçilik ulgamynda çap edilen beýanatda aýdylýar.
Geçen ýylyň 20-nji dekabrynda Braziliýanyň daşary işler ministri Mauro Wieýra BRICS-iň G20 formaty derejesine golaýlaşýandygyny aýtdy. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin metbugat üçin maslahatda köp ýurtlaryň BRICS-iň ösüşine gyzyklanma bildirýändigini, çünki guramadaky ähli kararlaryň ylalaşyk esasynda kabul edilýändigini belledi.
Geçen ýyl guramanyň başlygy wezipesini Russiýa eýeläp, bu ýyl başlyklyk Braziliýa geçdi. 2024-nji ýylyň 22-24-nji oktýabr aralygynda Kazanda “Adalatly global ösüş we howpsuzlyk üçin köptaraplaýynlygy güýçlendirmek” şygary astynda BRICS-iň XVI sammiti geçirildi.
Häzirki wagtda BRICS-e Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika, BAE, Eýran, Müsür, Efiopiýa we Indoneziýa ýaly 10 ýurt girýär. Bu bileleşik Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň ykdysadyýet ministrleriniň gatnaşmagynda Sankt-Peterburg ykdysady forumynyň çäginde 2009-njy ýylyň iýun aýynda esaslandyryldy. Geçen ýyl bu topara Müsür, Efiopiýa, Eýran we BAE goşuldy.