17-nji few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry W.Ha­ji­ýe­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na (BSG) go­şul­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri öw­ren­mek bo­ýun­ça Hö­kü­met to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we eda­ra­la­ryň we­kil­le­ri gat­naş­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da, oňa gat­na­şy­jy­lar Hö­kü­met to­pa­ry­nyň 2022-nji ýyl­da­ky iş­le­ri­niň jem­le­ri­ne hem-de 2023-nji ýy­lyň mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­na ga­ra­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry W.Ha­jy­ýew öz çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň BSG bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­jeň ösü­şi­ne ün­si çek­di. Türk­me­nis­ta­nyň 2020-nji ýy­lyň iýul aýyn­da BSG-da syn­çy de­re­je­si­ne eýe bo­lan­dy­gy we 2022-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da BSG-niň Že­ne­wa­da ge­çi­ri­len Baş Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de bi­ziň ýur­du­my­zyň BSG-niň do­ly ag­za­sy bol­mak üçin ýüz tu­tan­dy­gy bel­le­ni­lip ge­çil­di. Ne­ti­je­de, Türk­me­nis­ta­na Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­na go­şu­lyş­ýan döw­let (“iş­jeň syn­çy”) de­re­je­si­ni ber­mek ka­ra­ry­na ge­lin­di. Bu de­re­jä eýe bol­mak, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry söw­da­da­ky or­nu­ny ber­kit­mä­ge we yg­ty­bar­ly we jo­gap­kär hyz­mat­daş hök­mün­de hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň BSG-ä ag­za bol­ma­gy üçin taý­ýar­lyk çä­re­le­ri­ni ta­mam­la­mak bo­ýun­ça uly göw­rüm­li we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň me­ýil­leş­di­ri­len­di­gi nyg­tal­dy. Çä­rä gat­na­şy­jy­lar BSG-ä gir­me­giň şert­le­ri­niň bi­ri Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry söw­da şert­le­ri bo­ýun­ça Äht­na­ma­ny taý­ýar­la­mak üçin mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şeý­le hem, ýur­duň mi­nistr­lik­le­ri­niň bi­rin­de agent­lik ýa-da ýö­ri­te dü­züm bir­li­gi­ni dö­ret­mek me­se­le­si­ne ga­ra­mak tek­lip edil­di, bu bol­sa bi­ziň ýur­du­my­zyň BSG-ä gir­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li me­se­le­le­ri ut­gaş­dy­rar.
Ta­rap­lar hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de do­wam et­mek mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şeý­le hem BSG-niň Sek­re­ta­ria­ty bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ug­run­da tek­lip­ler be­ril­di we pi­kir al­şyl­dy.