Dünýäniň ýeňijisine iň köp pul baýragy berilýän tennis boýunça görkezme ýaryşynda ýene-de italiýaly Ýannik Sinner ýeňiş gazandy. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde 2-nji gezek geçirilen “Six Kings Slam” tennis ýaryşynyň finalynda Sinner bilen ispaniýaly Karlos Alkaras duşuşdy. Sinner bäsdeşini bu gezek 2 setde 6:2 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Geçen ýylky finalda Sinner 3 setde ýeňiş gazanypdy (6:7, 6:3, 6:3). Şeýlelikde, resmi bolmaýan bu ýaryşda Sinner 6 million dollarlyk pul baýragynyň eýesi boldy. Bu bolsa islendik “Uly tuwalga” tennis ýaryşynyň baýragyndan hem ýokary diýlmekdir.
Umumylykda 13,5 million dollarlyk pul baýragy bolan ýaryşda gatnaşýan her tennisçä 1,5 million dollar berilýär. Ýaryşyň çempiony 4,5 million dollar hem-de altyn raketka bilen sylaglanylýar. Bu ýylky ýaryşda çärýek finalda amerikaly Teýlor Frits germaniýaly Aleksander Zwerewi, Ýannik Sinner gresiýaly Stefanos Sisipasy ýeňdi. Ýarym finalda Sinner serbiýaly Nowak Jokowiçden, Alkaras bolsa Fritsden üstün çykdy.