Her ýylyň 3-nji awgustynda birnäçe ýurtda Bütindünýä garpyz güni bellenilýär. Amerikan medeniýetinden gözbaş alyp gaýdýan şol gün dilimlenen garpyz bilen bir hatarda, garpyz şerbeti, mürepbesi, garpyzdan taýýarlanýan konditer önümleri, süýjülikler köpçülige hödürlenýär. Bakja önüminiň halkara baýramçylygynda garpyzdan dürli şekilleri, bezegleri ýasamak ýaryşlary, garpyz çigidini sanamak, iň köp garpyz iýmek bäsleşikleri geçirilýär. Bulardan başga-da, iň uly garpyz şüweleňi guralýar.
Dünýäde garpyzyň 200-300 töweregi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ata Watany Günorta Afrika hasaplanýan bu bakja önümi tomus paslynda jana şypa beriji iýmitleriň biridir. Taryhy maglumatlarda garpyzyň ilkinji ösdürilip ýetişdirilen ýeri Günorta Afrika diýlip görkezilýär. Soňra bu bakja önüminiň çigidi Müsüre ýaýrapdyr.
X asyrda garpyz hytaýlylara mälim bolýar. Şeýlelikde, garpyz Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen tutuş Ýer ýüzüne ýaýraýar. Ýewropa ýurtlarynda garpyz X-XI asyrlarda peýda bolýar. XVI asyrda ilkinji gezek Amerika getirilýär. Häzirki wagtda tutuş dünýäde diýen ýaly garpyz ösdürilip ýetişdirilýär. Garpyzy iň esasy öndürijiler Hytaý, Türkiýe, Eýran, Müsür, Amerika ýurtlary we Özbegistan hasaplanýar.
Köpimiz garpyzy gyzyl etli, gabygy ýaşyl zolakly togalak görnüşde göz öňüne getirýäris. Emma dünýäde bu bakja önüminiň gabygynyň we etiniň reňki bilen tapawutlanýan dürli görnüşi hem bar. Ýaponiýada garpyzyň iň täsin görnüşleri – dörtburç, piramida görnüşli, sary etli garpyzlar hem ösdürilip ýetişdirilýär. Ortaýer deňziniň kenarynda ýetişdirilýän garpyzlar dünýäniň iň süýji garpyzlary hasaplanýar.
PDF








