Braziliýanyň Amazonka basseýninde kakao agajyna meňzeş daragtda bitýän kapuasu täsin miweleriň biridir. Brazilleriň milli miwesi hasaplanýan kapuasu «şokolad miwesi» ady bilen tanalýar. Ýerli halkyň arasynda «Dermanlyk miwe» diýlip atlandyrylýan bu miwäniň düzüminde saglyk üçin peýdaly witaminleriň, minerallaryň we antioksidantlaryň baý çeşmesi saklanýar. Asyrlarboýy iýmit bolup hyzmat edýän kapuasunyň daşky görnüşi süýnmek şekilde, goňur reňkli gabygy galyň hem-de tüýli bolýar. Miwäniň etli bölegi ak reňkde bolup, içinde birnäçe goňur tohumlar saklanýar. Kapuasunyň ak etli şireli bölegi çigligine iýilýär. Noýba ýaly ululykdaky tohumlary bolsa, ilki 100-150 dereje gyzgynlykda gowrulyp, soňra şokolad halyna gelýänçä eredilýär. Şokolad miwesiniň guradylan tohumlary içgileri we desertleri taýýarlamakda, konditer önümçiliginde ulanylýar. Braziliýada bu miwe sowuk süýt garyndysyna goşulyp, «kupuaçu» atly içgi taýýarlanylýar.
Miwäniň düzüminde köp mukdarda süýüm saklanýandygy sebäpli özboluşly ysa we tagama eýedir. Ananas, banan we armyt ýaly miweleriň bilelikdäki tagamyny ýatladýan bu miwäniň etli ak bölegi parfýumeriýa senagatynda hem ulanylýar. Ylmy ady «Theobroma grandiflorum» bolan bu miwe kakao meňzeş tropik agaçda bitýär. Amazon tokaýlarynda ösýän bu agaç 20 metre çenli ösýär. Ullakan gür ýapraklary bolan şokolad agajy gülgün reňkde owadan gül açýar. Agajyň miwesi 20-25 santimetr ululykda bolýar. Şokolad miwesi Braziliýadan başga Kolumbiýa, Peru, Boliwiýa ýaly Günorta Amerika ýurtlarynda hem ösdürilip ýetişdirilýär.
PDF








