Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

2

We­lo­si­ped­li ýö­riş paý­tag­ty­my­zyň Çan­dy­bil şa­ýo­ly bi­len Bek­re­we kö­çe­si­niň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän «We­lo­si­ped» bi­na­sy­nyň ýa­nyn­dan ba­dal­ga al­dy. Bu ýe­re Mej­li­siň Baş­ly­gy, Hö­kü­met ag­za­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, şä­her hä­kim­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry ýyg­nan­dy­lar. Ýö­ri­şe da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri hem gat­naş­dy­lar. Ýörişe ýyg­na­nan­la­ryň ha­ta­ryn­da Döw­let­li­ler köş­gün­de ter­bi­ýe­len­ýän­ler, Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýyş mek­de­bi­niň, umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň we­los­port bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri, ta­lyp­lar, jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri-de bar.
Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ni wasp ed­ýän aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Çy­kyş­lar ta­mam­la­nan­dan soň­ra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe ba­dal­ga ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, bu asyl­ly çä­rä gat­na­şy­jy­lar paý­tag­ty­my­zyň Çan­dy­bil we Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan şa­ýol­la­ry­nyň ug­ry bi­len ýo­la düş­dü­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni dost­lu­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň, spor­tuň hem-de yn­san­per­wer­li­giň be­lent ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan şan­ly se­ne hök­mün­de mil­li se­ne­na­ma­myz­da aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Şo­nuň üçin-de eziz Di­ýa­ry­myz­da bu hal­ka­ra baý­ram ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de giň­den bel­le­nil­ýär. Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň şa­ny­na köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş, me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi sag­dyn­ly­gyň hem-de ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler dur­muş-eko­lo­gik tas­la­ma­la­ry gol­da­mak, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li çä­re­le­riň bi­ri­dir. Ýur­du­myz­da hem bu asyl­ly ýö­rel­ge my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri döw­let de­re­je­sin­dä­ki mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň yzy­gi­der­li gu­ral­ma­gy adam­lar­da spor­ta hö­we­si art­dyr­ma­ga, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni köp­çü­lik­le­ýin de­re­je­de da­ba­ra­lan­dyr­ma­ga şert dö­red­ýär. Spor­tuň bu gör­nü­şi dür­li ýaş­da­ky adam­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin iň el­ýe­ter­li hem-de ne­ti­je­li ugur­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. We­los­port bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak ra­ýat­la­ryň gün­de­lik dur­muş iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ma­ga, ola­ryň me­de­ni taý­dan dynç al­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Ýaş ne­sil­le­riň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy ola­ryň gel­jek­de ru­hy taý­dan kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ça­ga­lar­dyr ýaş­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin sport he­re­ke­ti­ne iş­jeň gat­naş­mak­la­ry ola­ryň sag­dyn ösü­şi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär hem-de dur­mu­şa ka­da­ly uý­gun­laş­ma­gy­na iter­gi ber­ýär.
Ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­mak ge­rek. Hu­su­san-da, döw­let gol­da­wy­na mä­täç ýa­şa­jyk ra­ýat­la­ry­myz uly üns-ala­da bi­len gur­şal­ýar. Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň bu ugur­da dur­mu­şa ge­çir­ýän giň ge­rim­li iş­le­ri mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ýa­kyn­da Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni my­na­sy­bet­li Gök­de­re­dä­ki «Çy­nar» ça­ga­lar dynç alyş mer­ke­zin­de dynç al­ýan Döw­let­li­ler köş­gü­niň ýaş­la­ry­na Milli Liderimiziň we ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň adyn­dan we­lo­si­ped­ler gow­şu­ryl­dy. Mu­nuň özi ola­ryň köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş, sport he­re­ke­ti­ne iş­jeň gat­naş­ma­gy­na giň ýol açyp, ýur­du­myz­da ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn be­den­li, gu­jur-gaý­rat­ly kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da döw­let de­re­je­sin­de ala­da edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny bol­dy. Şu gün Döw­let­li­ler köş­gün­de ter­bi­ýe­len­ýän şol ýaş­lar hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň adyn­dan sow­gat ber­len we­lo­si­ped­ler­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gat­naş­dy­lar.
Bel­le­ni­len ug­ra gö­rä, we­lo­si­ped­çi­le­riň ker­we­ni öz ýo­lu­ny paý­tag­ty­my­zyň giň şa­ýol­la­ry bi­len do­wam et­di. Kö­pet­da­gyň dag etek­le­ri­niň gö­zel gör­nüş­le­ri, paý­tag­ty­my­zyň aja­ýyp bi­na­gär­lik keş­bi ýö­ri­şe gat­naş­ýan­la­ryň ru­hu­ny be­len­de gö­ter­ýär.
Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri bo­lan Aş­ga­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly gur­lu­şyk­lar Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­lan we hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat hä­zir­ki za­man, ok­gun­ly ös­ýän şä­he­riň – gel­je­giň şä­he­ri­niň tä­sin nus­ga­sy­ny özün­de jem­le­ýär. On­da gö­zel­lik, oňaý­ly­lyk, bi­na­gär­li­giň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry, in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki ga­za­ny­lan­lar, mil­li bi­na­gär­li­giň ga­dym­dan gel­ýän däp­le­ri saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­lo­si­ped­li ýö­ri­şi ta­mam­lap, paý­tag­ty­myz­da­ky Ru­hy­ýet köş­gü­niň ýa­nyn­da­ky pel­le­ha­na bar­dy. Bu ýer­de we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe gat­na­şy­jy­lar ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan her ýy­lyň 3-nji iýu­ny­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zy bu şan­ly se­ne bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem ola­ry bu sport baý­ram­çy­ly­gy bi­len gut­la­dy we Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­si­ne gat­na­şy­jy­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, üs­tün­lik ar­zuw et­di.
Şeý­le­lik­de, şu ge­zek­ki we­lo­si­ped­li ýö­riş jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň, hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne, yn­san­per­wer gym­mat­lyk­la­ra yg­rar­ly­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si bol­dy.