Syýahatçylyk pudagynda jahankeşdelere giň mümkinçilikler, amatly şertler, gaýtalanmajak başdangeçirmeler hödürlenilýär. Bu, esasan, syýahatçylaryň isleglerini nazara almak bilen bagly bolup, şolaryň arasynda gyşyna dynç alýan myhmanlar üçin her ýyl ýörite gurulýan buz myhmanhanalary aýratyn ünsi çekýär. Göz öňüne getiriň, gyşyň aňzakly sowugy, ap-ak dona bürenen tebigat we şol ýerde-de buzdan bina edilen myhmanhana. Buz myhmanhanalary sowuk howany gowy görýän syýahatçylar üçin niýetlenip, daşyndan aşa sowuk ýaly bolup görünýän hem bolsa, içerdäki temperatura otag şertinde – 17/-23 derejede saklanýar. Myhmanhanadaky ähli zat: diwarlar, basgançaklar, lýustralar, stoldyr oturgyçlar, kürsüler, diwanlar buzdan ýasalýar. Hatda gap-gaçlar hem buzdan. Gazetimiziň şu sanynda dünýädäki täsin buz myhmanhanalary baradaky gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
«Ice» myhmanhanasy, Rumyniýa. Gar bilen örtülen Fegeraş daglarynda gurlan «Ice» myhmanhanasy kaşaň otaglary, açyk tebigatdaky täsin başdangeçirmeleri bilen syýahatçylary özüne çekýär. Bu ýere gelýän myhmanlar lyžaly dag gerişlerine çykyp, garda ýöreýän ulaglar arkaly gyşyň tebigy aýratynlyklaryndan lezzet alýarlar. Bu ýerde konki meýdançalary hem bar. Myhmanhananyň diwarlary we mebelleri buz heýkeltaraşlary tarapyndan ýasalyp, içinde buz hammamy we buz restorany bar. Gyşyna Balea kölüniň doňmagy bilen ondan döwlüp alnan buzlardan Fagaras dagynyň depesinde gyşky myhmanhana gurulýar. Howanyň gyzmagy bilen myhmanhana eräp, suwy Balea kölüne goşulýar.
«Glace» myhmanhanasy, Kanada. Kanadada gyşyna syýahatçylary özüne çekýän ýerleriň biri hem «Glace» myhmanhanasy bolup, bu buzdan ýasalan sungat binasy hasaplanýar. Myhmanhananyň içinde kiçijik ösüp oturan arçalary görmek bolýar. Bu ýerde ornaşdyrylan özboluşly buz heýkelleri myhmanhananyň gözelligini artdyrýar. Myhmanhana 21 toplumdan ybarat bolup, hersiniň özüne mahsus gurluşy we bezeg aýratynlygy bar.
«Icehotel», Şwesiýa. «Icehotel» gar we buzdan gurlan dünýädäki ilkinji hem-de iň uly myhmanhana hasaplanýar. 30 ýyldan gowrak wagt bäri myhmanlary garşy alýan bu myhmanhanada gardan we buzdan ýasalan sungat gurnamalary, eksponatlar ýylyň-ýylyna täzeçe görnüşde ýasalýar. Buz basgançaklary, buz lýustralary we buzdan döredilen kartinalary bilen syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan myhmanhana Şwesiýanyň hökmany baryp görmeli ýerleriniň biri hasaplanýar.
«Iglu» myhmanhanasy, Awstriýa. Iglu obasynda ýerleşýän adybir buz myhmanhanasy syýahatçylaryň barmak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýerleriniň biridir. Iglu obasynda garyň ýagmagy bilen lyža ýaryşlary, gyşky sport we güýmenje çäreleri geçirilýär. Bu ýere gelýän jahankeşdeler «Iglu» myhmanhanasynyň aýratynlyklary bilen tanşyp, romantik buz otaglarynda dynç alyp bilýärler. Ýyldyzlaryň aşagynda garyň ýagşyny synlamak, peýnirli tagamlar, gyzgyn şokoladly içimlikler bu ýeriň özboluşly tarapydyr.
«Sorrisniva» myhmanhanasy, Norwegiýa. Beýleki buz myhmanhanalaryndan tapawutlylykda şähere ýakyn ýerde ýerleşýän bu myhmanhana gatnaw serişdeleriniň barmaýandygy sebäpli, ýöräp gitmeli bolýar. Şeýle hem bu ýerde gijelerine polýar şuglasyny görmek bolýar. Ýerli medeni çäreleriň geçirilýän merkezi bolan «Sorrisniva» myhmanhanasynda gämili başdangeçirmeler hem hödürlenilýär. Buz myhmanhanasy itli lyžany halaýanlaryň hem-de sugundyr marallary ýakyndan synlamagy gowy görýänleriň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biridir.
«SnowVillage» myhmanhanasy, Finlýandiýa. Buz otaglary, buz restoranlary we barlary bolan myhmanhana her ýyl başgaça bezeg aýratynlygy bilen gaýtadan gurulýar. Myhmanhananyň çäginde buzdan ýasalan kottejler hem bolup, myhmanlara gyzgyn tagamlar hödürlenýär. Şeýle hem bu ýerde toý dabaralaryny geçirmek üçin buz zaly bolup, jübütler üçin buzdan kürsi we buz torty ýasalýar. «SnowVillage»-däki iň gowy başdangeçirmeler gar ulaglaryndaky gezelençler bolup, bu ýerde gezelenç edýän toparlar üçin hususy aşhanalar hem bar.
«Chena Hot Springs Resort», Alýaska. Dört myhmanhana otagy bolan «Chena Hot Springs Resort» dünýä belli «Aurora Ice Musem» muzeýiniň ýerleşýän ýeridir. Bu myhmanhanany döretmek üçin müň tonnadan gowrak gar we buz ulanylypdyr. Bu ýerde buz heýkelleri, kiçiräk seýilgäh, restoran hem-de jübütler üçin toý dabaralaryna niýetlenen buz çadyry hem bar. «Chena Hot Springs Resort» ýylyň ähli möwsüminde myhmanlary garşy alýan dünýäniň iň uly buz muzeýi hasaplanýar.
PDF









