Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygyny berkidip, gowy dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu tomus möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.
Bu barada 18-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow hasabat berdi.
PDF









