“Facebook” sosial ulgam topary 13 ýaşdan kiçi çagalara niýetlenen özbaşdak “Instagram” “Messenger Kids” programmasyny çykarmaga taýynlanýar. “Facebook”-yň metbugat sekretary Jo Osborn çagalar üçin döredilýän bu nusgada ene-atalary bilen habarlaşmaga we dostlary bilen bir sahypada bolmaga niýetlenendigini aýdýar. Häzirki wagtda “Instagram”-yň düzgünlerine laýyklykda ulanyjylar 13 we ondan uly ýaşly bolmaly.