“Nottingam Forest” topary “Çelsiniň” hüjümçisi Liam Delapy ähli tölegleri-de hasaba alanyňda, 59 million ýewro berip, düzümine goşdy. 23 ýaşyndaky angliýaly futbolçy täze topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2024-nji ýylyň tomsunda “Ipswiç Tawndan” “Çelsä” 36 million ýewro transfer bolan Delap londonlylaryň düzüminde 47 oýunda 3 gol geçirdi. “Mançester Siti” toparynda futbola başlan Delap “Stok Siti”, “Preston Nort End”, “Hall Siti” toparlarynda kärendesine oýnady. “Ipswiç Tawnda” bolsa 40 oýunda 12 gol geçirdi. “Çelsi” senegally hüjümçisi Nikolas Jeksony hem “Aston Willa” ugradypdy.