Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Liwerpul” öz meýdançasynda kynlyk bilenem bolsa “West Hamdan” 2-1 hasabynda üstün çykdy. Luiz Diazyň goly bilen öňe geçen “Liwerpulyň” derwezesinden deňlik goluny 85-nji minutda öz futbolçysy Robertson ýaňlyşlyk bilen girizdi. Ýöne 3 minutdan soň Wan Deýk “Liwerpula” ýeňiş getiren oýunçy boldy. Duşuşykda 1 asist bilen çykyş eden Salahyň şu möwsümde gola gönümel goşandy 45-e ýetdi (27 gol+18 asist). Golaýda kluby bilen 2 ýyllyk täze şertnama baglaşan Salah bu ugurda Anriniň rekordynyň täzeledi. “Arsenal” indiki tapgyrda utulyp, “Liwerpul” ýeňiş gazansa, onda mersisaýdlylar nobatdaky çempionlygyny yglan eder.
“Mançester Ýunaýtedi” 4-1 hasabynda ýeňen “Nýukasl” topary garşydaşyny 94 ýyldan soň ilkinji gezek 1 möwsümde 2 duşuşykda-da utmagy başardy.
Öz meýdançasynda “Kristal Palas” bilen duşuşan “Mançester Siti” garşydaşynyň 2-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, 5-2 hasabynda utdy. 3-nji ýerdäki “Nottingam Forest” Dukureniň 90+4-nji minutdaky goly esasynda “Ewertondan” 1-0 hasabynda asgyn geldi.
Man. Siti – K. Palas: 5-2 (De Bruýne 33, Marmuş 36, Kowaçiç 47, MakEýti 56, O’Raýli 79 – Eze 8, Riçards 21),
Braýton – Lester: 2-2 (Žoao Pedro 31 p, 55 p – Mawididi 38, Okoli 74),
N. Forest – Ewerton: 0-1 (Dukure 90+4),
Southempton – A. Willa: 0-3 (Wotkins 73, Malen 79, MakGinn 90+4),
Arsenal – Brentford: 1-1 (Parti 61 – Wissa 74),
Çelsi – Ipswiç: 2-2 (Tuanzebe 46 ö.d., Sanço 79 – Enkiso 19, Jonson 31),
Liwerpul – West Ham: 2-1 (Diaz 18, Wan Deýk 89 – Robertson 86 ö.d.),
Wulwerhempton – Tottenham: 4-2 (Aýt-Nuri 2, Spens 38 ö.d., Strand Larsen 64, Mateus Kunýa 86 – Tel 59, Rişarlison 85),
Nýukasl – M. Ýunaýted: 4-1 (Tonali 24, Barns 49, 64, Gimaraýns 77 – Garnaço 37),
Bornmut – Fulham (şu gije)