Italiýanyň çempionatynda öňdebaryjy “Inter” öz meýdançasydna “Kaliarini” Arnautowiç, Lautara Martines hem-de Bissegiň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi. Paýtagt derbisinde “Lasio” bilen “Roma” duşuşyp, oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Romanýoli (47) we Suleniň (69) garşylyklaýyn gollary esasynda toparlary utuklary paýlaşdylar. “Ýuwentus” topary “Leççeni” Koopmeýners we Ýyldyzyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi.

“Bolonýany” Retegi we Paşaliçiň gollary bilen 2-0 hasabynda utan “Atalanta” 3 oýundan soň ýeňiş gazandy.

“Milan” myhmançylykda “Udinezeniň” derwezesinden jogapsyz 4 gol geçirdi. Gollary Leao, Pawlowiç, Hernandes hem-de Reýnders derwezä girizdi.

Udineze – Milan: 0-4 (Leao 42, Pawlowiç 45, Hernandes 74, Reýnders 81),

Wenesiýa – Monza: 1-0 (Fila 72),

Inter – Kaliari: 3-1 (Arnautowiç 13, Martines 26, Bissek 55 – Pikkoli 48),

Ýuwentus – Leççe: 2-1 (Koopmeýners 2, Ýyldyz 33 – Baskirotto 87),

Atalanta – Bolonýa: 2-0 (Retegi 3, Paşaliç 21),

Fiorentina – Parma: 0-0,

Werona – Jenoa: 0-0,

Komo – Torino: 1-0 (Duwikas 38),

Lasio – Roma: 1-1 (Romanýoli 47 – Sule 69),

Napoli – Empoli (şu gije)