Dagdan agajy garagaçlar maşgalasyna degişli bolup, ýer ýüzünde 70-e golaýy, şondan 2 görnüşi hem Merkezi Aziýada duş gelinýär. Olar, esasan, Demirgazyk Kawkazda, Eýranda, Merkezi Aziýanyň daglarynda we Owganystanda ösýär. Türkmenistanda şolaryň bir görnüşi kawkaz dagdany ady bilen Köpetdagda ýabany görnüşde ösýärler. Dagdanlaryň beýikligi 10-20 metr barabar bolup, kä ýerde gyrymsy agaç hökmünde duş gelinýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde dagdanlaryň dürli görnüşleri ýetişdirilip, ylmy esasda öwrenilýär. Dagdanlar tokaý zolaklaryny döretmek üçin iň ähmiýetli agaçdyr. Olar tohumy arkaly köpeldilip, miwesi iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. Olaryň ýapraklary ot-iým, gabyklary bolsa deri-gönlerini ýelmemekde peýdalanylýar. Dagdan agajyndan kümüş syrçalanyp sünnälenip ýasalan gelin-gyzlaryň boýunlaryna dakynýan damaksalary özboluşly aýratynlyklara eýedir. Çünki ezber ussalar bu agajyň böleklerini dürli çylşyrymly tilsimatlary ulanyp owadan görnüşe getirmegi başarypdyrlar. Dagdanyň ýönekeý görnüşi üçburçluk hem-de ýürek şekilli bolup, ýüzüne köwme nagyş salnypdyr.
Çylşyrymly görnüşi ýürek şekilinde bolup, köwme nagyş çekilip, töweregi haşamlanypdyr. Aşak tarapyna ownujak şelpeler dakylyp, islege görä altyn-kümüş hem çaýylypdyr. Dagdan agajy özüniň owadanlygy, derde derman miwesi, ýapraklary dürli maksatlar üçin giňden ulanylyp gelinýän gabyklary bolsa meşhurlyga eýedir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dagdan agaçlary alymlarymyz tarapyndan içgin öwrenilip ýakyn geljekde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde kemala gelmegi gazanylýar.

Maýsa Berdiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.