Damjalaýyn suwaryş ulgamynyň ähmiýeti

210

Dam­ja­la­ýyn su­wa­ryş ul­ga­my, su­wy tyg­şyt­la­ýan we ge­rek­li muk­dar­da ge­rek­li ýe­re ne­ti­je­li ak­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän su­wa­ryş usul­la­ryn­dan bi­ri­dir. El­bet­de, ul­gam ga­ty ha­ýal iş­le­ýän ýa­ly bo­lup gö­rün­ýän hem bol­sa, as­lyn­da beý­le däl. Suw kök zo­na­sy­na gö­nü­den-gö­ni dam­ýar, bu bol­sa bu­gar­mak ar­ka­ly ýit­ýän su­wuň muk­da­ry­ny azald­ýar. Beý­le­ki usul­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de dam­ja­la­ýyn su­war­ma­gyň baş­ga-da ar­tyk­maç ta­rap­la­ry köp. Bu usul­dan peý­da­la­ny­lan­da top­rak­da ösüm­li­ge ge­rek­li muk­dar­da çyg­ly­ly­gy sak­la­mak müm­kin. Şeý­le­lik bi­len kök­ler has er­kin dem al­ýar. Şeý­le hem bu usul, beý­le­ki su­wa­ryş usul­la­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de ösüm­li­giň kök­le­ri­niň ösü­şi­ni çalt­laş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Dam­ja­la­ýyn su­wa­ryş döw­rün­de ösüm­li­giň ýap­rak­ly bö­le­gi çyg­ly bol­ma­ýar. Bu ke­sel­le­riň dö­re­mek äh­ti­mal­ly­gy­ny azalt­ma­ga kö­mek edip, ke­sel­ler­den hem-de zy­ýan be­ri­ji­ler­den go­ran­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Dam­ja­la­ýyn su­war­mak su­wuň 60-70% -ini tyg­şyt­lap, çyk­da­jy­lar azalt­ma­ga-da ýar­dam ed­ýär.

Mer­jen BA­ÝA­RO­WA, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.