Käbir galla önümleriniň halkara bazaryndaky bahasy görnetin pese gaçdy. Çikagonyň haryt biržasynda mekgejöweniň bir buşeliniň (35 litrden gowrak ürgün jisimleriň göwrüm ölçegi, agramy 25 kg töweregi bolýar) bahasy 4 dollara çenli arzanlady. Şeýlelikde iýun aýynda mekgejöweniň bahasy 10 göterim arzanlady. Bilermenler gysga we orta möhletde bu harydyň bahasynyň gymmatlamajakdygyna ünsi çekýärler. ABŞ-daky bahalaryň peselmegine global derejede hem däne önümleriniň bahasyna täsir edýär. Maý aýynda guraklyk sebäpli käbir däne önümleriniň bahasy galypdy. Emma demirgazyk ýarym şarda howanyň gowulanmagy, ekin meýdanlarynyň giňelmegi bilen bahalar arzanlap başlady. Geçen aý bugdaýyň bahasy 16 göterim arzanlapdyr. Dünýäniň iň uly däne eksportçylarynyň biri hasaplanýan ABŞ-da mekgejöwen ekilen ýerleriň artýandygyny görkezýän maglumatlar bu harydyň bahasynyň arzanlamagyna getirýär. Maglumatlara görä ýurtda 91,5 million gektar ýere mekgejöwen ekilipdir. Bilermenler bu görkezijiniň 90,3 million gektar bolmagyna garaşýardylar. Şeýle hem 1-nji iýundaky maglumatlara görä, mekgejöweniň saklanýan gorunyň geçen ýylyň degişli senesinden has ýokary bolupdyr.
Mekgejöweniň bol boljakdygy baradaky ýene bir maglumaty Halkara Däne Geňeşi (IGC) ýaýratdy. Geňeş, esasan, Braziliýada has köp hasyla garaşylýandygy sebäpli 2024/25-nji ýyldaky hasyl baradaky çaklamasyny 3 million tonna artdyryp, 1 milliard 223 million tonna boljakdygyny mälim etdi.
Şeýlelikde hepdäniň başyndan mekgejöweniň bir buşeliniň bahasy 10 göterim arzanlap, 3,98 dollar boldy. Ýylyň başyndan bäri bolsa mekgejöwen 15 göterim arzanlapdyr.
Bugdaýyň bahasy bolsa geçen aý 16 göterim arzanlap, 5,75 dollar bolupdyr. Bu görkezijiniň 2022-nji ýylyň iýunyndan soňky iň uly pese gaçyşlykdygy mälim edildi. Pariždäki “Euronext” biržasynyň maglumatyna görä bolsa, bugdaýyň bir tonnasy 224 ýewro bolupdyr.
Bahalaryň arzanlamagyna Argentinada ekilen ýerleriň giňelmeginiň, ýylyň ygally gelmegiginiň, Ýewropada hasylyň garaşylandan has ýokary –121,9 million tonna boljakdygynyň çaklanmagynyň täsiri uly bolupdyr.