- Dünýäde syçanyň 38 görnüşi bolup, öý syçanlary Merkezi Aziýadan gelip çykýar.
- Janly-jandarlaryň içinde beden gurluşy taýyndan adama iň ýakyny syçan hasaplanýar.
- Syçanlaryň ýaşaýşynyň dowamlylygy 12 aý töweregi bolup, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna bellige alnan Patrik Stýuart atly syçan 9 ýyl 209 gün ýaşapdyr.
- Syçanlar hytaý täleýnamasynyň birinji agzasydyr.
- Syçanlar 17-20 günläp uklaman, diňe hereketde bolýarlar.
- Syçanlar 6 millimetr ululykdaky boşlukdan ýa-da jaýrykdan hem içeri girip bilýärler.
- Syçanlaryň görşi pes bolup, daş-töwerekdäki zatlary, esasan, gyzyl-ýaşyl reňkde saýgarýarlar.
- Syçanlaryň eşidiş ukyby ösen bolup, 90 kGs çenli eşidip bilýärler. Bu gemrijiler howanyň üýtgemegi ýaly ýagdaýlara duýgur bolup, şoňa görä hereket edýärler. Mysal üçin, syçanlar şemalyň öwüsmegini, ýagşyň ýagmagyny öňünden bilýärler.
- Syçanlaryň ýüregi minutda 310-840 gezek urýar.
- Syçanlaryň dişi ömrüniň dowamynda ösüp-çykyp durýar.
- Syçanlar hereketini guýrugy bilen dolandyryp, sagatda 12 kilometr tizlikde hereket edip bilýärler.
- Syçanlar her gün 15-20 gezek iýmitlenýärler. Her gezekki iýmitiň mukdary 0,15 gram bolup, her gün 3-4 gram iýmit iýýärler. Syçanlaryň esasy iýmiti däne we miwe bolup, multfilmlerdäki peýnir bilen bagly ynançlar tomaşaçylaryň ünsüni çekmek üçin oýlanyp tapylypdyr. Aslynda, syçanlar peýnire görä, şokolady has gowy görýärler.
- Syçanlar ökde ýüzüjiler hasaplanýar. Olar 3 günläp ýüzüp bilmäge ukyplydyrlar.
- Syçanlaryň ýatkeşligi güýçli bolup, bir geçen ýoluny hiç wagt unutmaýarlar.
- Syçanlar ite we pişige seredende, has arassaçyl bolýarlar.