5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, iri halkara hem-de sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerine bagyşlanan sergini synladylar. Maslahatda türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň kabul edilmegi, Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň tassyklanylmagy, ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy munuň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň ýokary derejeli forumlarda öňe süren we halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýan başlangyçlarynyň ähmiýetini hem bellemek gerek. Täze önümçilik toplumlary gurlanda, olarda ýokary ekologik talaplaryň göz öňünde tutulmagy, hususan-da, öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmaga, daşky gurşawa zyýan berýän serişdeleri aradan aýyrmaga ýardam berýän tehniki çözgütleriň ulanylmagyna uly üns berilmegi parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna möhüm goşant bolup durýar.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň baý ösümlik, haýwanat dünýäsini ylmy taýdan öwrenmek we gorap saklamak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň eýeleýän meýdanlaryny has-da giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Bu gün adamzat howanyň ählumumy üýtgeýän şertlerinde buzluklaryň eremegi, suw serişdeleriniň azalmagy we hapalanmagy, ýerleriň hiliniň ýaramazlaşmagy, çölleşme ýagdaýynyň güýçlenmegi, biologik köpdürlüligiň ýitip ýok bolmagy ýaly wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda dünýäniň ähli ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilmegi zerurdyr. Çykyşlarda şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti hem bellenildi.
Maslahatyň dowamynda halkara guramalaryň we sebitleýin edaralaryň wekilleri sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni tutuş adamzat üçin möhüm sene bolup, tebigata aýawly garamagyň we daşky gurşawy goramagyň umumy jogapkärçiligimizdigini ýatladýar. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi hem-de onuň täsirlerini azaltmak ählumumy meseleleriň hatarynda durýar. Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary, durmuşa geçirýän döwlet syýasaty ýokary baha mynasypdyr.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi. Olarda halkara bilermenleriň, hünärmenleriň we ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenilip, giňişleýin pikir alyşmalar guraldy.
Birinji bölümçe ekologiýa we klimat hukugy meselesine bagyşlanyp, onda tebigatdan peýdalanmagyň halkara hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, ekologiýa kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak we sebitara şertnamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ekologiýanyň orny» atly bölümçede ekologik taýdan arassa we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ýaly strategik wezipelere seredildi.
Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meselelerine bagyşlanan bölümde Aral deňzi sebitindäki ekologik heläkçiligiň netijelerini peseltmek, sebitiň ekoulgamyny durnuklylaşdyrmak, bu ugurda sebitiň ýurtlarynyň hem-de halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmek bilen bagly meselelere garaldy.
PDF









