Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady

13

4-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy hem-de umumy mejlisi geçirildi.

 Halkara ylmy-amaly maslahatyna daşary ýurtlaryň 25-sinden 60 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan jemi 130 wekil, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan 217 sany wekil gatnaşýar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden daşary ýurtly we türkmenistanly alymlardyr professor-mugallymlar halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň sebitleýin hem-de global derejede daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýalaryň işjeň agzasy hökmünde howanyň häzirki zaman üýtgeýän şertlerinde suw we ýer baýlyklaryny, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamaga, köpeltmäge, olardan rejeli peýdalanmaga, ýaşlaryň ekologiýa bilimini, medeniýetini kämilleşdirmäge degişli wezipeleri gyşarnyksyz berjaý edýändigi aýratyn bellenilip geçildi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak baradaky maksatnamalarynyň çäginde kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, döwlet ekologiýa kanunçylyk namalaryny degişli konwensiýalarda kesgitlenen ýörelgeler bilen utgaşdyrmak arkaly kämilleşdirýär. Bu işleriň döwrebap derejede amala aşyrylmagy bolsa ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi arkaly “ýaşyl” ykdysadyýetiň durnukly ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ozaldan hereket edýän ekologiýa kanunlarynyň döwrebap kämilleşdirilip, olaryň halkara ekologiýa konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň ekologiýa kadalary bilen utgaşdyrylmagy arkaly ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli täze kanunlar hem kabul edilýär. Ýurdumyzda ilkinji gezek kabul edilen kanunlardan «Radiasiýa howpsuzlygy hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Himiýa howpsuzlygy hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Galyndylar hakynda», «Öri meýdanlar hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.

5-nji iýunda maslahatyň işi «Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny», «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri», «Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary» hem-de  «Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti» atly bölümçelerde alnyp barlar.

Çeşme: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti