Kanadaly ýa­zy­jy ze­nan Mar­ga­ret Et­wud ABŞ-nyň iň ab­raý­ly ede­bi­ýat bo­ýun­ça pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy – Deý­ton baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Ýa­zy­jy ze­nan «Gyr­na­gyň he­ka­ýa­sy» at­ly ro­ma­ny­ üçin bu ab­raý­ly baý­rak bi­len sy­lag­lan­dy. Emin ag­za­la­ry­nyň pi­ki­ri­çe, Mar­ga­ret Et­wu­dyň ki­tap­la­ry di­ňe bir çe­per­çi­lik ba­bat­da däl, eý­sem, jem­gy­ýet­çi­lik taý­dan hem äh­mi­ýe­tli eser­le­riň bi­ri­dir. Bu ro­man ede­bi­ýa­tyň adam­zat yk­ba­ly­na ýe­tir­ýän tä­si­ri­ni ýü­ze çy­kar­ýar, şeý­le-de dür­li ýurt­la­ryň adam­la­ry­nyň ara­syn­da umu­my öza­ra dü­şü­niş­me­giň di­kel­dil­me­gi­ne go­şant goş­ýar. Emin ag­za­la­ry­nyň baş­ly­gy Şa­ron Rab ýa­zy­jy ze­na­nyň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak go­şant go­şan­dy­gy­ny bel­läp, şeý­le diý­di:
– Mar­ga­ret Et­wud öz eser­le­ri ar­ka­ly bi­ziň her bi­ri­mi­ze mak­sa­da ok­gun­ly bol­ma­gy, aý­gyt­ly öňe git­me­gi, çün­ki öň­de kä­mil­li­giň bar­dy­gy­ny ýat­lad­ýar. Me­niň pi­ki­rim­çe, hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de aý­dyň pi­kir­le­re eýer­ýän rea­list bol­mak ze­rur­dyr. Di­ňe şon­da kyn­çy­lyk­la­ry aň­sat­lyk bi­len ýe­ňip ge­çip, bar­ha kä­mil­leş­ýän dün­ýä go­şant go­şup bo­lar.
Mar­ga­ret Et­wud hä­zir­ki za­man ede­bi­ýa­ty­nyň iň par­lak aw­tor­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Onuň 17 ro­ma­ny bo­lup, ola­ryň her bi­ri oky­jy­la­ryň ýü­re­gin­de orun alan eser­ler­dir.