Dil öwrenmek döwrüň talaby

147

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da ylym-bi­li­me hem aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Ýaş­la­ryň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ky­bap­daş bi­lim ber­mek üçin uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň öw­re­nil­me­gi­ne hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Dil is­len­dik ada­myň me­de­ni de­re­je­si­ni gör­kez­ýär. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­mek ene di­li­ňi hem has çuň­ňur öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Se­bä­bi, da­şa­ry ýurt söz­le­ri­ni öw­ren­ýän wag­tyň, şol dil­de ga­bat ge­len nä­ta­nyş söz öw­re­ni­len­de şol sö­züň ene di­liň­dä­ki ma­ny­sy hem öw­re­nil­ýär. Dil bil­mek ýaş nes­liň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň gi­ňe­me­gi­ne, pi­kir­le­niş uky­by­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Dün­ýä­de ikin­ji dil hök­mün­de iň köp ula­nyl­ýan dil iň­lis di­li­dir. Bu dil, di­ňe yl­my mag­lu­mat­la­ryň di­li bol­man eý­sem, teh­no­lo­gi­ýa­nyň di­li hem ha­sap­lan­ýar. In­ter­net­de köp mag­lu­mat iň­lis di­lin­de bo­lup, komp­ýu­ter prog­ram­ma­la­ry­nyň esa­sy­ny hem bu dil eme­le ge­tir­ýär. Yl­my ede­bi­ýa­tyň, okuw ki­tap­la­ry­nyň, film­le­riň we aý­dym­la­ryň kö­pü­si iň­lis di­lin­de dö­re­dil­ýär ýa-da şol di­le ter­ji­me edil­ýär. Bu bol­sa, teh­no­lo­gi­ýa de­giş­li adal­ga­la­ryň hem iň­lis­çe­den dö­re­me­gi­ne we beý­le­ki dil­le­re ýaý­ra­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, bu ugur­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­ler hem iň­lis di­li­ni go­wy öz­leş­dir­me­li bol­ýar­lar. Köp prog­ram­ma­nyň asyl nus­ga­sy bu dil­de dü­zü­lip, onuň beý­le­ki dil­ler­dä­ki nus­ga­sy hem şo­nuň esa­syn­da taý­ýar­lan­ýar. Mun­da hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da bu di­liň “umu­my dü­şü­ni­şil­ýän dil” (“lin­gua franca”) bol­ma­gy­nyň tä­si­ri ulu­dyr. Şeý­le hem köp mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iň­lis dil­li ýurt­lar­da ýa-da şol dil­de bi­lim be­ril­ýän okuw mek­dep­le­rin­de ýa-da yl­my mer­kez­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Aý­şi­rin Aly­ýe­wa, Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.