Tutonhamonyň guburyndaky syrly diwar görkezildi

5

Müsüriň Luksor şäherinde faraon Tutonhamonyň guburyndan tapylan, ýüzünde gadymy üzümçilik we ekerançylyk sahnalary şekillendirilen gips diwar ilkinji gezek köpçülige görkezildi. “Reuters“ agentliginiň habar bermegine görä, bu taryhy tapyndynyň guburyň açylanyndan 100 ýyl gowrak wagt geçenden soň sergä goýulmagy, onuň faraonlaryň talanmadyk ýeke-täk we iň seýrek gymmatlygy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Hünärmenler Nil derýasynyň günbatar kenaryndaky Şalaryň jülgesinden tapylan we ýakynda doly dikeldilen bu taryhy gymmatlygyň gadymy Gündogaryň azyk medeniýetini hem-de suw serişdelerini dolandyrmak ukybyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedigini belleýärler.