ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp duşenbe güni energiýa çykdajylaryny azaltmak maksady bilen milli energiýa pudagyna adatdan daşary ýagdaýy girizmek barada karara gol çekdi. “Ýurduň energiýa ýetmezçiligi we infrastruktura meselesi amerikalylary, esasanam pes we durnukly girdejilerde ýaşaýanlary garyplaşdyrýan ýokary energiýa bahalaryna sebäp bolýar” diýlip kararda bellenilýär.
Resminamada energiýa howpsuzlygy, daşary syýasat we tehnologik innowasiýa ýurduň milli energiýa pudagyna adatdan daşary ýagdaý yglan edilmegine täsirini ýetiren faktorlar hökmünde agzaldy.
“ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gullugy, E15 benziniň ýylyň dowamynda satylmagyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda benzin üpjünçiliginde çak edilýän wagtlaýyn kemçilikleriň öwezini dolmak üçin çäreleri görmeli” diýlip, kararda aýdylýar.
Şeýle hem resminamada energiýa infrastrukturasynyň ýaýbaňlandyrylmagyny çaltlandyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalar beýan edilýär. Adatdan daşary ýagdaý federal hökümete ygtyýarlygyny ulanmak arkaly energiýa önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berer diýlip garaşylýar.
ABŞ dünýäde çig nebit we tebigy gaz öndüriji, şeýle hem, dünýäde iň uly suwuklandyrylan gaz eksport ediji ýurtdur.