Halkara ylmy barlaglaryň netijelerine görä, gündelik durmuşyňyzda fiziki işjeňligi bary-ýogy 5 minut artdyrmak ýa-da oturyp geçirilýän wagty ýarym sagat azaltmak adam ömrüniň dowamlylygyny ep-esli uzaltmaga hem-de saglygy berkitmäge ýardam edýär. «The Lancet» žurnalynda çap edilen barlag işinde bellenilişi ýaly, gündelik endiklerde gazanyljak şeýle kiçi we amala aşyryp boljak üýtgeşmeler adam saglygyny goramakda we ömri uzaltmakda uly ähmiýete eýedir.
Alymlar tarapyndan 135 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen köpýyllyk synlaryň netijeleri her gün çalt ädimler bilen ýöremegi 5 minut köpeltmegiň saglyga örän oňyn täsir edýändigini görkezdi. Gündelik işjeňligi 10 minuda ýetiren adamlarda bolsa bu görkeziji has-da ýokarlanýar. Şeýle hem, oturyp geçirilýän wagty her gün 30 minut azaltmak adam bedeniniň gurpuna oňat täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, hünärmenler çalt ýöremek, öý işleri ýa-da bagbançylyk ýaly adaty gündelik hereketleriň hem saglygy goramakda örän peýdalydygyny nygtaýarlar.
Munuň bilen birlikde, «eClinicalMedicine» žurnalynda çap edilen beýleki bir ylmy derňewde diňe bir fiziki işjeňligiň däl, eýsem uky we iýmitleniş tertibiniň hem ömri uzaltmakda uly ähmiýete eýedigi subut edildi. Barlaglarda bellenilişi ýaly, uky wagtyny bary-ýogy 25 minut artdyrmak we gündelik iýmitiňde gök önümleriň mukdaryny köpeltmek adam ömrüniň dowamlylygyny ýene-de uzaltmaga ýardam edýär. Şeýlelikde, gije-gündiziň dowamynda 7-8 sagat uky, 40 minutdan gowrak işjeň hereket we dogry iýmitleniş düzgünine eýerilmegi adamyň sagdyn hem-de uzak ýaşamagyny üpjün edýär.