Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen ylmy barlaglar hepdede yzygiderli ýumurtga iýmegiň uly ýaşly adamlaryň saglygyna örän oňyn täsir edýändigini we ýürek-damar saglygyny goraýandygyny ýüze çykardy. «Nutrients» žurnalynda çap edilen netijelere görä, hepdede birden alty sany ýumurtga iýýän uly ýaşly adamlaryň umumy saglyk ýagdaýy bu önümi seýrek ulanýanlar bilen deňeşdirilende, has durnukly bolup, olarda ýürek keselleriniň döreme howpy 29 göterim pes bolup çykdy.
70 ýaş we ondan uly bolan 8 müň 700-den gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen köpýyllyk ylmy derňewler bu iýmitiň adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem ýardam edýändigini görkezdi. Alymlaryň bellemegine görä, ýumurtga belogyň, B toparyna girýän witaminleriniň, folat turşusynyň, doýgun däl ýag turşulyklarynyň, şeýle hem E, D, A, K witaminleriniň we köp sanly minerallaryň baý çeşmesidir. Bu ylmy netijeler uly ýaşly adamlar üçin sagdyn iýmitleniş maslahatlaryny taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir.
Mundan başga-da, hünärmenler ganynda holesteriniň derejesi ýokary bolan adamlar üçin hem bu önümiň zyýansyzdygyny anykladylar. Barlaglaryň dowamynda şeýle näsaglygy bolan we hepdede kadaly ýumurtga iýen adamlarda hem ýürek saglygynyň durnukly saklanýandygy subut edildi. Häzirki wagtda halkara lukmançylyk guramalary, şol sanda Amerikanyň Ýürek assosiasiýasy sagdyn adamlaryň hepdede ýedi sany ýumurtgany arkaýyn iýip biljekdigini tassyklaýar.
PDF









