Dört ýaşly çehiýaly Zara Şifra Ewereste çykylýan ýolda 5364 metr beýiklige galmagy başaran iň ýaş gyzjagaz boldy. Kakasy gyzjagazyny we ýedi ýaş ogluny özi bilen alyp gitdi. Zara 4 ýaş 5 aýlyk, Çehiýanyň we Kanadanyň raýaty, emma ata-enesi bilen Malaýziýada ýaşaýar. Zara kakasy we dogany bilen bilelikde Gimalaý daglarynyň eteklerinde takmynan, 270 kilometrlik ýol geçdi. Zaranyň kakasynyň aýtmagyna görä, ol çagalarynyň terbiýesinde ýerli taýpalaryň adaty durmuş ýörelgelerine eýeripdir. Şeýlelik-de gyzjagaz kiçiliginden hiç wagt ýyly suwa ýuwunmandyr, köplenç bolsa buzly suwa ýuwunýar. Şonuň üçin hem, ol daglardaky -25 gradusa çenli sowuk howada kynçylyk çekmändir. Mundan başga-da bu maşgala köplenç täsin ýerlerde uzak wagtlyk syýahat edýär. Geçen ýyl olar Zara bilen bilelikde, jeňňeliň içinden 2 müň 200 kilometrlik ýol geçipdirler. Zara kiçidigine garamazdan, Ewerestdäki iň körpe çaga däl. Ondan öň iki ýaşly Hazel Matulis ata-enesi we doganlary (6-11 ýaş aralygynda) bilen şol belentlige baryp görüpdi. Şeýle-de bolsa, Zara syýahatyny gyşda amala aşyrdy.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.
PDF









